“Ýewropa 15-nji iýula dymmak bilen garamaga dowam edýär

Britaniýanyň Halkara gatnaşyklar komitetiniň we Britaniýanyň Mejlisinin agzasy Daniel Kawçinski TRT Worde interwýu berdi

616448
“Ýewropa 15-nji iýula dymmak bilen garamaga dowam edýär

Kawçinski 15-nji iýuldan soň başdan geçirilenler we Ýewropanyň Türkiýä bolan çemeleşmesini analiz etdi.

Britaniýa bilen birlikde Ýewropanyň paýtagtlarynyň Türkiýäniň başdan geçirenlerine “hamala diýersiňiz ker ýaly” çemeleşýändigini beýan eden Kawçinski, Türkiýäniň Ýewropada eýeleýän ähmiýetine ünsi çekdi. Kawçinski, ünbataryň ýa-da Britaniýanyň Türkiýe ýaly hyzmatdaşy ýitirme howp barmy diýlen soraga: “aňy ýerinde bolan iki ýewropaly hem bu ähtimallykdan gorkmaly” diýip jogap berdi.  Kawçinski sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Türkiýäniň durnuklylygyny we NATO bolan wepadarlygyny üýtgewsiz görmäliň. DAİŞ bilen Ýewropanyň arasyndaky ýeke-täk bökdençlik Türkiýe. Şol sebäpli Türkiýäni ýitirmek Ýewropa üçin agyr bolar. Rus ýçarynyň Türkiýe serhedinde näbelli ýagdaýda urlup düşürilmegi netijesinde ýüze çykan dartgynlyga garamazdan Russiýanyň Prezidenti Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin dessine işe girişdi. İki ýurt dartgynlyklara garamazdan Russiýa Türkiýe bilen gatnaşyklaryň eýe bolan ähmiýetine düşündi. Türkiýe hiç haçan ünsden düşürilmeli däl, ol günbatar ýurtlarynyň bähbitleri taýdan iňňän agyr netijeleri ýüze çykarar. Türkiýede biziň bilen deň derejede bolan kärdeşlerimiz, mejlisiň agzalary günbatar tarapyndan ýekirilen ýaly duýýan bolsalar biz olarda ýaňadandan ynam döretmeli.”

Kawçinski Türkiýäni tankyt edýän Ýewropa ýurtlaryna ýüzlenip: “Men olardan azajyk durup, Birtaniýada 241 raýatymyzyň mejlisimizi dargatmak we iňlis halkynyň demokratik ygtyýaryny ortadan aýyrmak isleýän güýçler tarapyndan gyrylandygyny pikir etmeklerini isleýärin. Eger şeýle bolanda biz nähili reaksiýa görkezerdik, diýip pikir etsinler” diýdi.

“Türk halkyna uly sarpa goýýarys”

         “Türkiýäniň Prezidentiniň we Premýer ministriniň türk halkyny köçelere çagyrmagy batyrgaýlyk talap edýärdi” diýen Kawçinski: “Olara we bu agdarlyşygy yza serpikdiren türk halkyna sarpa goýýarys” diýdi.

         “Gülen hereketiniň bu agdarlyşyk synanşygyna degişli bolandygyndan şek-şübhe ýok”

         Kawçinski interwýusynda derňew işiniň birinji tapgyrynda bolunandygyna garamazdan Gülen hereketiniň bu agdarlyşyk synanşygyna degişli bolandygyna haýsydyr bir şübhäniň bolmandygyny nygtady. Ol Gülen hereketiniň dünýäniň köp sanly ýerinde belli bir güýje eýedigine, Ýewropa ýurtlarynyň hem şeýle howpa duçar bolup biljekdigine ünsi çekdi. Daniel Kawçinski Türkiýäniň Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na eden ýüz tutmasy barada-da durup geçdi. “ABŞ-nyň Prezidentiniň Türkiýäniň bu islegini seljermegini talap edýärin. Çünki Türkiýe Yrakda we Siriýada DAİŞ-e garşy göreşde iňnän möhüm pozisiýa eýeleýär. Birnäçe wagt mundan ozal Yragyň ilçisi bilen geçiren duşuşygymda ilçi, bütin sebit üçin howp emele getirýän DAİŞ-e garşy Türkiýäniň alyp baran möhüm işlerini gürrüň berdi. Meniň pikirimçe ABŞ Türkiýäni diňe bir DAİŞ-e garşy söweşmek üçin däl, şeýle-de esasy NATO ýurdy hökmünde öz ýanynda görmek isleýän bolsa Türkiýäniň aladalaryny diňlemeli bolar” diýdi.

                  “Ýewropa Türkiýäni trategik hyzmatdaşy hökmünde kabul etmeli”

         Türkiýäniň millionlarça siriýaly bosguna hemaýat edip, saglyk hyzmatlaryny berip, uly işiň hötdesinden gelendigini gürrüň beren Kawçinski ÝB-nin bosgunlar meselesininde başarnyksyzdygyny aýtdy. Türkiýäniň saýasynda meseläniň hötdesinden gelinendigini we Türkiýäniň strategik hyzmatdaş hökmünde kabul edilmelidigini nygtady.

         “Ýewropanyň Türkiýäniň agzalygy meselesindäki durnuksyz çemeleşmesi utandyryjy”

         Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmak barada kabul eden kararyny ýatladan Kawçinski, Ýewropanyň Türkiýäniň agzalygy meselesindäki durnuksyz çemeleşmesiniň utandyryjydygyny pikir eýändigini nygtady. “Türkler Ýewropa köp sabyr etdiler. Şeýle-de Brýusseldäki käbir býurokratlaryň türk hökümetiniň başdan geçirýän kynçylyklaryna we basyşlaryna düşünmeýändigini pikir edýärin. Türkiýä beýleki dalaşgär ýurtlar ýaly çemeleşilmezligi iňňän ýalňyş” diýdi.

Kawçinski ýanwar aýynda Türkiýä gelip, barlaglaryny hasam çuňlaşdyrjakdyklaryny mälim etdi.

 



Degişli Habarlar