Özümiziň nähili ýerde “öýümizde” ýaly duýarys

Ibrahim Kalynyň “Dailý Sabah” gazetinden çap edilen makalasy

608738
Özümiziň nähili ýerde “öýümizde” ýaly duýarys

 

Nemes pelsepeçisi Martin Heidegger 1929-30-njy ýyllarda beren sapaklarynyň leksiýalaryndan ybarat bolan “Metafizikanyň başlangyç adalgalary” atly kitabynda Nowalis ady bilen tanalýan Jorj Filipp Fridrih Freiherr won Hardenbergden pelsepäniň aňladýan manysy barada salgylanma edýär: “Pelsepe dogduk diýara çekilýän hesretdir. Adamyň özüni ähli ýerde öýünde ýaly duýma islegidir.” Heidegger bir tarapdan Wowalisiň bu sözini “romantiki” hasaplaýan bolsa, beýleki tarapdan-da öz pelsepewi düşünje garaýyşynyň başlangyç nokady hökmünde-de bu aforizmden gözbaş alýar. Pelsepäniň esasy özboluşlygy “ähli ýerde öýde bolmaklyk islegidir.” Heidegger dowam edýär: “Pelsepe diňe, biz pelsepe bilen gyzyklanýanlar egerde her bir ýerde öýümizde däl bolsak, şeýle islegden ybarat bolup biler… Her bir ýerde öýümizde bolmak şu wagt we elmydama bitewiligiň içinde bolmak manysyny aňladýar. Biz bu “bitewiligiň içinde” bolmaklygy we onuň bitewilik/dolulyk özboluşlygyny dünýä atlandyrýarys.

Şol bitewiligiň ýitmegi döwrebap adamyň özboluşlyk döretme tagallasynyň motiwi bolmagynda galdy. Hesret şol ýitgiden ýüze çykýar we bizi öýümizi tapmak üçin gözlemeklige gönükdirýär-özümizi ýaňadandan doly we bitewi duýýan ýerimizi. Peter Bergeriň sözi bilen aýdanymyzda “öýsüz aňlar” döwründe, adam näderejede biynjalyk ediji hem bolsa hiç haçan tapyp bilmejekdigi ähtimallygyna garamazdan bir gaçybatalganyň gözleginde bolmaly. 9-njy asyrda ýaşap geçen musulman dana Baýazyt Bastama degişlidigi aýdylýan şu setirlerde nygtalşy ýaly: “hakykaty gözläp tapyp bilmersiň, emma tapanlar diňe gözlemäge dowam edenlerdir.”

Ýerinden-ýurdundan jyda düşürilen ruhlar we öýsiz-öwzarsyz aňlar döwründe Heideggeriň pelsepe düşünjesi bilen dünýädäki ornumyzy tapmak üçin edýän gözlegimiziň arasyndaky baglanşyga edýän salgynamasy, onuň atlandyryşy ýaly biziň “çäkli/soňly bolmak” we “şahsylaşmamyz” barada möhüm insigt, duýgurlyk döredýär. “Dünýä” bilen bolan gatnaşygymyz şu hakykata esaslanýar: Biz, Daseinden soňky/çäkli, birlik sandaky we ýalňyz bolanlar hökmünde many çykaryp bilýän soňly ýagny baky däl bolanlar.

Musulman pelsepeçiler hem dünýäni özümizi iş ýüzüne geçirmek üçin hakykatyň ýüze çykmagynyň yzyna düşýän ýer hökmünde kabul etdiler. Emma, olaryň pelsepe adalgasy zatlaryň manysy we biz, adamlar bilen bolan gatnaşyklary baradaky tapawutly düşünjäni öz içine alýardy. Kindiden we Farabiden Molla Sadra çenli dowam eden klassiki kesgitlemä görä pelsepe, zatlaryň hakykatyny, adam ogly üçin mümkingadar bilen, bolşy ýaly bilmek we şoňa görä çemeleşmekdi. Bu kesgitleme zatlaryň hakykaty diýilýän zadyň bardygyny we biziň soňly, baky däl bolanlar hökmünde ony bilmek üçin göreşjekdigimizi göz öňünde tutýar. Emma bir aň-düşünje işi hökmünde “bilmeklik” ýeterlik däl; adam öz bilýänine görä hereket etmeli; ýagny zatlaryň hakykatyna görä. Bu, sözüň doly manysynda hakykata ähmiýet bermek we oňa sarpaly hem-de ünsli çemeleşmeklik manysyny aňladýar. Biz dünýäniň eýesi we hojaýyny däl, onuň düşünjeli sakçylary we düşünjeli ýaşaýjylary bolup bileris.

Emma bu taýda üns berilmeli bir zat bar. Musulman pelsepeçiler tarapyndan kesgitlenen hakykat dünýäniň öz içine alyp biljeginden has uly. Adamyň açmak üçin yzyna düşen zady hakykatdyr, diňe bir dünýäden ybarat däl. Bize zemin, gaçybatalga we öý hökmünde hyzmat edýän, hakykatdyr. Dünýäde bolmaklygyň özem hakykat gözleginde bize aýratynlyk döretmez. Ol dünýäniň aň-düşünje we fiziki çäklerini aşýan dünýä düşünjesi bilen birleşdirilmeli.

İne şu ýer, bizi pelsepäniň ruhy tejribe hökmünde dünýädäki ýerimize we onuň aňyrsynda durýana şaýatlyk etmegimizi üpjün etjek syýahata çykarýan ýeri. Molla Sadranyň aýdyşy ýaly pelsepewi düşünjäniň esasy maksady öz şahsy bar bolşumyzy “barlygyň gözýetiminiň” çäginden geçmeklikdir. Şol nokat, konfiguratiw pelsepäniň ägirtlige deň gelýän we täze intellektual hem-de ruhy gözýetimlere tarap bize öňbaşçylyk edýän ýeri. Ol, serişde bilen bar bolmagyň manysyny we onuň içindäki ýerimizi açan we ýaňadandan açýan syýahatymyz. Bize bu dünýäde gaçybatalga we amatly ýer beren syýahat. Onuň netijesinde ähli ýerde öýümizde bolmak üçin barlygyň gözýetimi alyslygyna gelýäris.

Emma ol dünýädäki adalatsyzlygy we kolonializmi görmediksiremegize araçylyk etjek hakykatlardan gaçyş pelsepesini asla makullamaýar. Tersine, şu günki günde dünýäde çenden aşa çetleşmäniň we müksizleşdirmäniň sebäp bolan syýasy hem-de ykdysady meseleleri bilen ýüzleşmek üçin dogry pelsepewi garaýyşa we ahlaky çemeleşmäge eýe bolmak mejburlykdyr. Agyr syýasy hakykatlar bizi hakykat gözlegimizden el çekdirjek baha bolmaly däl. Ol hem diňe biz pelsepewi düşünjäniň hakyky manysyny ägirtlik we ruhy saplanyş hökmünde özleşdiren halatymyzda mümkin bolup biler. Pelsepewi seljermäniň maksady içimizdäki düşünjeliligiň oýandyrylmagydyr. Sadra ýene-de bir salgylanmak ýerlikli bolar: has gowy adam bolmak, öz şahsyýetimizi ýeňip geçmek we öz özüni aldatýan, gopbamsy düşünje tarapyndan gönükdirilmeýän we monopoliýalaşdyrylmaýan ýokary esas bilen gatnaşyk açmak manysyny aňladýar. Diňe buýruk berýän düşünjäni merkezden aýyranymyzda we bir bölegini emele getirýän hakykatymyzy açan halatymyzda ähli ýerde öýümizde ýaly duýarys.



Degişli Habarlar