“Russiýa Türkiýäniň kyn gününde hakyky dostdygyny görkezdi”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Türkiýäniň kyn gününde hakyky dostdygyny görkezendigini aýtdy

602724
“Russiýa Türkiýäniň kyn gününde hakyky dostdygyny görkezdi”

Russiýanyň döwlet telewideniýesi Rossiýa-24-e beýanat beren Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary, Türkiýäniň daşary syýasaty, terrora garşy göreş, Siriýa krizisi we Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygy hakynda garaýyş beýan etdi.

Çawuşogly Türkiýe bilen Russiýanyň Siriýadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin tagalla edýändigini we mesele hakyndaky gepleşikleriň dowam edýändigini ýatlatdy.

Asad bilen birlikde hakyky syýasy öwrülşigiň boljakdygyna ynanmaýandyklaryny nygtan Çawuşogly “Biziň pikirimize görä oppozisionerleriň mundan soň Asad bilen birleşmegi mümkin däl, çünki 500 müňden gowrak adamy öldüren hökümet bilen birleşmek islemeýärler” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly geçiş etabynda Siriýanyň halkyň islegine ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Çawuşogly Türkiýäniň serhetleriniň terror guramasy DAIŞ-den saplanmalydygyny we parasatly oppozisionerlere goldaw berilmegi netijesinde DAIŞ-iň Jarablusdan, Raiden we Dabykdan çykarlandygyny ýatlatdy.

Türkiýäniň terror guramalaryna garşy alyp barýan göreşiniň halkara hukuga laýyk gelýändigine ünsi çeken Çawuşogly, “Biziň Siriýanyň we Yragyň serhetlerinde gözümiz ýok. Tersine Yragyň we Siriýanyň territorial bitewiligine we özbaşdaklygyna uly ähmiýet berýäris”diýip belledi.

Ministr Çawuşogly Fetullahçy terror guramasy –Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýä beren goldawy sebäpli Russiýa öz minnetdarlygyny bildirdi.

Çawuşogly “İlkinji nobatda Russiýa, Jenap Putine we rus halkyna minnetdarlyk bildirýäris. “Hakyky dost kyn günüňde belli bolýar” diýýärler we Russiýa Türkiýäniň kyn gününde hakyky dostdygyny görkezdi” diýdi.

Russiýanyň maglumat çalşygy bilen birlikde ähli taraplaýyn goldaw bermegi teklip edendigini aýdan Daşary işler ministri, Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynyň Türkiýe-ABŞ gatnaşyklaryna alternatiw hökmünde görülmeýändigini belledi.

Çawuşogly “ABŞ biziň hyzmatdaşymyz we birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edýäris. Emma Russiýa biziň ýakyn dostumyz, goňşymyz we ikisini biri-birine alternatiw hökmünde görmeýäris, tersine biri-birini tamamlaýandyklaryna ynanýarys. Biz Günbatarlylar ýaly “Ýa ol, ýada bu”diýmeýäris. Ukrainada hem “ýa Russiýa, ýa ÝB” diýilmegine garşydyrys. Biziň geografiýamyzda ýaşaýan ýurtlar özara gatnaşyklarynda esasan hem daşary syýasatda deňagramlylygy gorap saklamaly” diýdi.

Çawuşogly Türkiýäniň nebit-gaz känlerine eýe bolmandygyna garamazdan, energetikada ynamdar tranzit ýurt bolmagy sebäpli rus gazynyň Ýewropa akdyrylmagyna esasy rol oýnaýandygyny aýratyn belledi.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda 24-nji noýabrda serhedi bozan rus uçarynyň urlup düşürilmegi sebäpli başdan geçirlen krizisden soň 8 aýlyk döwürde Türkiýäniň Russiýa garşy embargo goýmandygyna ünsi çeken Çawuşogly, Türkiýäniň NATO agza ýurt hökmünde ÝB-niň we Günbatarly ýurtlaryň Russiýa goýan embargosyna goldaw bermeýändigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar