Ýawuz Soltan Selim köprüsi dünýä liderleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy
Prezident Erdogan Kanal Stambul bilen Dardanel köprüsiniň gurluşygyna hem ýakynda başlajakdyklaryny ýatlatdy
Bosfor bogazynda gurlan üçünji köprü bolan Ýawuz Soltan Selim köprüsi dünýä liderleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.
Prezident R. T. Erdogan Ýawuz Soltan Selim köprüsüniň açylyş dabarasynda sözlän sözünde “Döwrebap medeniýetler derejesiniň üstüne çykmak boş sözler bilen däl eýsem durmuşa geçirlen işler bilen bolýar” diýdi.
Prezident Erdogan köprüniň hem ulaglar hem-de relýesli ulgam taýdan öz ugry boýunça dünýäde öňbaşçy boljakdygyny aýtdy.
Prezident Erdogan Kanal Stambul bilen Dardanel köprüsiniň gurluşygyna hem ýakynda başlajakdyklaryny ýatlatdy.
Soňky günlerde başdan geçirilýän terrorçylykly wakalar hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan, türk halkynyň durnuklylygyny bozmak isleýänleriň 15-nji iýul gijesi arzuw-hyýallarynyň puja çykandygyny nygtady we agdarlyşyk synanşygy netijesiz bolandygy üçin terror guramalary PKK we DAİŞ arkaly hakyky ýüzlerini ýene-de bir gezek görkezendigini, Türkiýäniň terrora garşy göreşde egilşik etmändigi we Jarablusda operasiýa guramaga başlandygy üçin hem başga operasiýalaryň yzyna düşendigini we Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglyna garşy hüjüm gurandyklaryny ýatlatdy.
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Ismail Kahraman hem “Türkiýäniň ösüşine böwet bolmak isleýärler. Ýaňy ýakynda garaňky güni başdan geçirdik we 20 sagatda şol garaňky güni ýagty geljege öwürdik we şeýle garaňky günler indi başdan geçirilmesin” diýdi.
Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem açylyş dabarasynda sözlän sözünde Ýawuz Soltan Selim köprüsüniň diňe Stambulyň halkyna däl eýsem Uzak Gündogardan, Hytaýdan ýola çykýan we Londona çenli barýan taryhy Ýüpek ýolunyň ugrundaky ähli ýolagçylyklara hyzmat etjekdigini nygtady.
Bosfor bogazynyň Garadeňize seredýän demirgazyk tarapynda gurlan köprü 9-njy Osmanly patşasy Ýawuz Soltan Selimiň adyny göterer.
39 aýda tamamlanan köprüniň gymmaty 4,5 milliard dollara barabar boldy.
Bosfor bogazynyň iki ýakasyny 3-nji gezek birleşdirýän köprüniň ini 59 metr.
Köpri 8-i gara ýol we 2-si demir ýoly bolmak bilen jemi 10 hatardan ybarat.