Premýer ministr halka “Demokratiýa we Şehitler” mitingine gatnaşmaklary üçin çagyryş berdi

“Bir ses we bir ýürek hökmünde birlikde Ýenikapyda duşuşalyň”

546263
Premýer ministr  halka “Demokratiýa we Şehitler” mitingine gatnaşmaklary üçin çagyryş berdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym raýatlara ertir Stambul Ýenikapyda geçiriljek “Demokratiýa we Şehitler” mitingine gatnaşmaklary üçin çagyryş berdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Twitter arkaly beren ýüzlenmesinde “Bir ses we bir ýürek hökmünde birlikde Ýenikapyda duşuşalyň”diýip belledi.

Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň başlan we birnäçe günden bäri dowam edýän demokratiýa nobatlary ertir Ýenikapyda geçiriljek “Demokratiýa we Şehitler” mitingi bilen tamamlanar.

Mitinge Prezident R. T. Erdogan, Premýer ministr Binali Ýyldyrym, Jemhuriýet halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly we Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Döwlet Bahçeli bilen birlikde 500 adamlyk tanymal sungat ussatlary, sport wekiliýeti we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar.

“Demokratiýa we şehitler” mitingine 5 million adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

 



Degişli Habarlar