“Ýewropa, Erdogan üçin aýaga gal!”

Demokratik gymmatlyklara esaslanýan sebitde agdarlyşyklara orun ýok

543798
“Ýewropa, Erdogan üçin aýaga gal!”

Bilýäňizmi, Brýussel ukydamyka eýsem! Ýewropaly liderleriň 15-nji iýulda Türkiýede guralan agdarlyşyk synanşygyna bolan ünssizlikden soň ine şu sorag soralýar.

Pitnetçi toparyň üstünlik gazanyp, harby-syýasy huntanyň Türkiýedäki döwlet güýjüni ele geçirendigini göz öňüne getirip görüň.

Ol, 1967-nji ýylyň aprelinde Afynyda ofiserleriň we olaryň tanklarynyň güýji ele geçiren, müňlerçe adamy tussag edip Gresiýa we Ýewropa üçin tas on ýyl dowam eden garabasany başladan wagtyndaky ýaly ýeňil bolmaz.

Agdarlyşygy guran güýçler oppozisionerleriň göreşini basyp ýatyrmaga synanşýarka Ankaranyň we Stambulyň köçelerinde uly gyrgynçylyklar bolup bilerdi. 2013-nji ýylyň iýunyndaky agdarlyşygyň yz ýanyndan Kairde ýüze çykan pajygaly wakalary ýada salyň.

Agdarlyşlyk synanşygy Türkiýede üstünlikli tamamlanan halatynda ýurtda içerki uruş turardy. Onuň bolsa iňňän agyr netijeleri bolardy.

Basyşdan, haosdan we ölümden gaçan millionlarça türk raýaty, Türkiýede ýaşaýan 2 milliondan gowrak siriýaly bosgunlara goşulyp Ýewropa sary ýola düşerdi. ÝB häzirki wagtda 2015-nji ýyldaky bosgun pajygasyndan has agyr bolan bosgun meselesine sezewar bolardy.

ÝB-ne agza ýurtlarda ýa-da agzalyk gepleşiklerini alyp barýan ýurtlarda uly harby agdarlyşyk bolmady. Wengeriýada we başga haýsydyr bir ýerde hukugyň üstünligi adalgasyna edilen äsgermezçilikler, teleýaýlymlary ele geçiren, mejlisiň binasyny bombalan we ýurduň saýlanan prezidentini ele salmaga synanşan doly ygtyýarly agdarlyşyk synanşygy bilen deňeşdirilende hiç zat bolup galýar.

Esasy howp ortadan aýryldy, emma 265 adam pida boldy we 1100 adam ýaralandy. Türkiýäniň syýasy partiýalary dessine jebisleşdiler we agdarlyşyk synanşygyna garşy pozisiýa eýelediler. Bu deňi-taýy bomadyk arkalaşyk Türkiýäniň demokratiýasyny has ynamly we howpsyz sepgide ýetirjekdigini aýtsak ýalňyşmarys.

Emma agdarlyşyk synanşygynyň guralan gijesinde ÝB-niň wakalary ýazgarmagy üçin wagt gerek boldy. Şeýle-de konstitutsion ulgamyna abanan iň uly howpa sezewar bolan we agzalyk gepleşiklerini alyp barýan Türkiýä ÝB-den ýokary derejeli wekilleriň goldaw saparyny gurap-guramajakdyklary näbelli bolmagynda galýar.

Ýewropaly liderler onuň ýerine dessine türk ýolbaşçylarynyň döwletiň düzüminde Gülen hereketine tabyn bolan agzalary saplaýyş işine ikirjiňli garamaga başladylar.

Türkiýe Ýewropanyň adam hukuklary jarnamasyny saklajakdygyny beýan edende ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri oňa goşulmaýandyklaryny mälim etmäge başladylar. Emma şuny ýatdan çykardylar; ol hem Fransiýanyň noýabr aýynda Parižde guralan terrorçlykly hüjümden soň şol çäräni görmegidi. Türkiýäniň konstitutsion ulgamyny ýykmaga synanşan güýçlere garşy özüni goramak üçin käbir çäreleri görmäge hakynyň bardygyny we görmelidigi meselesinde hiç kim dil ýaryp bilmez.

Bu işleriň howplylygy he ikiuçsyzdyr. Ýewropa Geňeşi we Ýewropanyň adam hukuklary kazyýeti şertler kadalaşmaga başlandan soň meseläni üns bilen seljererler diýip tama edýärin. Agdarlyşygy goldama ähtimallygy pes bolan žurnalistler hem tussag edildi we bu tankyt edilip bilner.

Ýewropa Geňeşiniň baş sekretary Torbýarn Ýaglandyň şu hepde Ankara sapar gurajaklygy bolsa gowy habarlardan biri.

Ýewrpoa agdarlyşyk adalgasyna garşy göreşmän halatynda ahlaky ygtyýaryny ýitirme howpyna sezewar bolup biler. Ýewropanyň 2013-nji ýylda Müsürde edilen agdarlyşyga garşy utandyryjy çemeleşmesiniň abraýyna zeper ýetirenligi bolsa şübhesizdir.

Agdarlyşyk synanşygyndan birnäçe gün soň Prezident R.T.Erdoganyň geňeşçilerinden biri bolan İbrahim Kalynyň hökümetiň agdarlyşyga garşy göreşine günbataryň tankytlary ýazan şu tweetleri diýseň üns çekiji: “Eger synanşyk amala aşan bolsady-Müsürde bolşy ýaly- siz oňa goldaw bererdiňiz. Siz bu milleti tanamaýaňyz, emma bu millet sizi tanaýar.”

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri agdarlyşyk synanşygyndan soň dessine Türkiýä baryp, agdarlyşyga garşy ýüzlenmeler beren bolsady, Türkiýäniň halkyny agdarlyşyk synanşygyny yza serpikdirendikleri üçin gutlan bolsady, Prezident, Premýer ministr we Mejlisiň ýolbaşçylary bilen Türkiýe üçin demokratik Ýewropa ýolunyň bilelikde gurulmagy barada pikir alyşan bolsady, ÝB häzirki pursatda has amatly pozisiýada bolardy.

Elbetde bu hereketleriň ýurdy awtoritarlaşdyrmak taýdan zyýanly taraplarynyň bolmajakdygyny açyk kepili ýok. emma Ýewropa azyndan syýasy ideýalarynyň we demokratik gymmatlyklarynyň tarapynda durmaga synanşardy.

Häzirki wagtda Putin agdarlyşyk synanşygyndan soň Erdogan bilen duşuşjak ilkinji lider. Eger şeýle bolan halatynda ol Ýewropa üçin utandyryjy waka bolar.

Makalanyň awtory CARL BILDT           



Degişli Habarlar