Agdarlyşyga synanşyk gijesinde Mejlisde başdan geçirilenler…

15-nji iýul agşamy synanşylan agdarlyşyga berk garşylyk görkezdi

533620
Agdarlyşyga synanşyk gijesinde Mejlisde başdan geçirilenler…
tbmm darbe girişimi gecesi 1.jpg
tbmm darbe girişimi gecesi 2.jpg
tbmm darbe girişimi gecesi 3.jpg

Agdarlyşyga synanşyk gijesinde Mejlisde başdan geçirilenler…

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi Fetullahçy terror guramasynyň (FETÖ) Türk ýaragly güýçleriniň çäginde ornaşan dönük esgerlerden ybarat bolan topar tarapyndan 15-nji iýul agşamy synanşylan agdarlyşyga berk garşylyk görkezdi

Mejlisde topary bolan 4 syýasy partiýanyň wekilleri F-16 uçarlaryndan taşlanan bombalara garamazdan Baş Assambelaýadan çykman, hat-da ol ýere gelip, döwlete we özlerini saýlan raýatlara eýe çykdylar.

Mejlisiň agzalary teleýaýlymlardan halka “biz işimizin başynda” diýip ýüzlenýärkäler Kabul ediş foýesiniň üçegine düşen bomba binanyň sarsylmagyna sebäp boldy.

Foýeniň üçegi böleklere bölünip üstlerine gaçýardy, goh-galmagal gulaklary ker edýärdi, göterilen tozan bolsa ähli ýeri gurşap alýardy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Mejlisdäki otagy bilen birlikde köp sanly ýer hatardan çykdy.

Şol sebäpli Mejlisiň Howpsyzlyk boýunça ýolbaşçylary gaçybatalgalara gitmegi teklip etdiler.

Şol wagt taryhy pursatlara şaýatlyk eden Baş Assambleýanyň münberinden Adalat ministri Bekir Bozdagyň sesi eşidildi.

Bozdag Mejlisiň Başlygy İsmail Kahramana ýüzlenip : (Wideo)

“Hormatly Başlyk, Mejlisi ýapyp, gaçybatalga gitsek, millet bulardan gorky diýer. Biziň etmeli işimiz şu taýda ölmekdir” diýdi.

Mejlisiň ozalky başlygy Jemil Çiçegiň gürrüň bermegine görä şol wagtlar Prezident R.T.Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň halk deputaty İlknur Öze telefon edip, halk deputatlaryna: “Taryh ýazýaňyz” diýip ýüzlendi.

Mejlisiň Başlygy Kahraman Adalat we ösüş partiýasynyň, Respublikan halk partiýasynyň we Millet hereket partiýasynyň mejlis toparynyň başlyklaryna bilelikde jarnama çap etmegi teklip etdi.

Elde ýazylan jarnama Halklaryň demokratik partiýasynyň mejlis toparynyň başlygynyň orunbasarynyň hem razylyk bildirmeginden soň jarnama taýarlandy.

Beýleki tarapdan Mejlisiň Howpsyzlyk departamentiniň başlygy Nurullah Öztürkiň utgaşdyrmagyndaky polisler ilerki howla çebli gonmaga başlan dik uçarlary yza serpikdirmegiň hötdesinden geldiler. Mejlisiň gapysyna gelen tanklardaky dönükler bilen çaknyşyklar boldy.

Mejlisi, şeýlelikde watany, halky goraýarka belken öz maşgala agzalaryndan habar alman, janyny geçmegä razy bolan gahryman polisleriň käbirleri snarýad bölekleri sebäpli ýaralandylar.

Oýunyň nähili pespäl hasaba esaslanýandygy ýüze çykmaga başlapdy.

Türk ýaragly güýçlerine degişlidigi öňe sürülýän terrorçy topar Türkiýäniň Mejlisini bombalaýardy, türk polisine od açýardy, köçelere çykan türk milletiniň üstüne tank sürýärdi.

Munuň diňe daşary ýurtly basybalyjy güýçler tarapyndan edilip bilinjekdigi ikiuçsyzdyr. Diňe döwletleriň arasyndaky uruşda şeýle pajygaly wakalar bolup biler.

Diýmek bu milleti şol pajygaly gijäni başdan geçirden FETÖ-niň agzalarynyň türk, musulman, hatda adam bolandyklaryna ynanmak kyn.

Mejlis harby agdarlyşyk synanşygynyň yza serpikdirilmeginden birnäçe sagat soň nobatdan daşary jemlendi.

Mejlisiň Başlygy İsmail Kahraman türk halkyna şeýle ýüzlendi: “Milletimize bu pajygany başdan geçirdenler laýyk bolan jezalaryny alarlar… Gahryman mejlis bombalandy… Milletiň bakyp-bejeren, eline tarag beren adamlary milletiň bagryna ýarag dirediler… Milletimize geçdigi bolsun, şeýle gara günüň gaýtalanmazlygyny beýik biribardan dileýärin. İndi sagdyn pikirlilik bilen, erjellik bilen meseläni düýbünden çözmek üçin işlemegiň wagty geldi. Mejlis uzak gije demokratiýa nobatyny tutdy. İndi bolsa şu ýerde 4 partiýamyzyň bilelikdäki jarnamasyny bilelikde okap, halkyň dykgatyna ýetireris. Häkimiýet milletiňkidir we halk hem şony beýan etdi.”

Kahraman soň bolsa bilelikdäki jarnamany okady.

Agdarlyşyk synanşygyny we Mejlise guralan hüjümleri berk ýazgarýan jarnamada: “Şu gün bolşy ýaly geljekde-de milli ygtyýara we Gahryman mejlise ediljek her bir hüjüme Mejlisiň ümmülmez ygtyýary degişli jogaby berer” diýilip, Mejlisiň milletiň demokratiýa bolan egsilmez ynamyny beýan etmäge dowam etjekdigi nygtaldy.

Mejlisde şol taryhy pursatlar başdan geçirilýärkä binanyň öňünde onlarça müň, ýurt boýunça millionlarça raýat ellerinde türk baýdaklary bilen agdarlyşyga garşy şygarlar aýdyp, ygtyýaryna, Mejlisine, Prezidentine, geljegine eýe çykýardy.



Degişli Habarlar