Kalyn:”Srebrenisa ýatdan çykarylsa Siriýada-da şeýle gyrgynçylyk dowam ediler”

Prezidenti metbugat geňeşçisi İbrahim Kalyn global jemgyýetçiligiň Srebrenisadaky gyrgynçylyga nähili ýol berendigini ýada salman halatynda Siriýada-da şeýle gyrgynçylyklaryň dowam etjekdigini duýdurdy

529348
Kalyn:”Srebrenisa ýatdan çykarylsa Siriýada-da şeýle gyrgynçylyk dowam ediler”

İbrahim Kalyn “Deýli Sabah” gazetine ýazan “Srebrenisadan Siriýa: Alynmadyk sapaklar” söz başyly makalasynda Bosniýanyň gündogarynda ýerleşýän Srebrenisada BMG-niň gözüniň öňünde edilen gyrgynçylykdan bäri 21 ýylyň geçendigini ýatlatdy.

Faşistleriň 2-nji Jahan urşunda ýewropaly ýehudilere eden gyrgynçylygynda tapawutly bolmadyk görnüşde 8 müňden gowrak bosniýaly adamlaryň we çagalaryň öldürilmegine halkara ulgamyň ägirt uly başarnyksyzlygynyň sebäp bolandygyna ünsi çeken Kalyn: “Şuňa meňzeş ynsan tragediýasy urşuň altynjy ýylynda Siriýada dowam edýär we ýene-de halkara ulgamy, BMG, Ýewropa, ABŞ we dünýäniň galan böleginiň gözüniň öňünde oňa ýol bermegi saýlap alýar. 2-nji Jahan urşundan bäri Ýewropanyň ortasynda başdan geçirilen Srebrenisadaky gyrgynçylyk bilen ýakyn taryhyň iň pajygaly urşy bolan Siriýany biri-birine baglanşdyrýan zat, halkara ulgamynyň uruşy, döwlet terroryny we adamlaryň başdan geçirýän kynçylyklaryny ortadan aýyrmakdaky umumy başarnyksyzlygydyr” diýip ýazdy.

Kalyn 1995-nji ýylyň iýul aýynda müňlerçe boşýak zenanyny “Bosniýanyň gassaby” hökmünde tanalan Ratko Mladiçe tabynlykdaky serp harby güýçleriniň ýoldaşlaryndan we çagalaryndan aýyrandygyny ýatladyp: “Srebrenisa gyrgynçylygyndan we Bosniýa urşundan degişli netije çykardykmy. Şol günden bäri başdan geçirilen çaknyşyklara we gyrgynçylyklara garalanda bu soraga oňyn jogap bermek hakykatdan hem kyn. Adamzada garşy agyr jenaýatlary edenler adaladyň öňüne çykaryldymy? Bu soragyň jogabam şübheli” diýip ýazdy.

Geňeşçi Kalyn: “Srebrenisa gyrgynçylygyndan alynmaly esasy ahlak we syýasy sapak, şeýle elhenç jenaýatlaryň gaýtalanmazlygyny üpjün etmeklikdir” diýip nygtaýar.



Degişli Habarlar