Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlygy

10 ýyl ozala garanyňda Türkiýe häzirki wagtda Afrikadaky ilçihanalarynyň sanyny 5 esse artdyryp jemi 34-e ýetirdi

504533
Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlygy

Türkiýäniň sebitdäki başarjaňlygynyň sebäbi her kime aýan. Olar: ýerli hyzmatdaşlara hormat goýmak, täze pursatlary döretmek we töwerekdäki işjeň adamlary ýaralap biljek syýasatlardan uzak durmak.

Türkiýäniň Prezideenti R.T. Erdogan 31-nji maý 3-nji iýun aralygynda Gündogar Afrika ýurtlaryna sapara çykdy. Türkiýäniň sebitdäki ýakyn hyzmatdaşy bolan Uganda, Keniýa we Somali ýaly ýurtlary öz içine alýan saparda türk milletiniň Afrikanyň üstünliginiň bir bölegi bolmak niýetindedigini ýaňadandan görkezdi.

Türkiýäniň Afrika bilen bolan gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýyna gelmegi üçin bir gün işlemedi. Türkiýe Afrika materigi bilen gatnaşyklaryna ilkinji gezek 1990-nji ýylyň ahyrynda başlan hem bolsa, Adalat we ösüş partiýasy zamanasynda daşarky syýasatynyň saýasynda hyzmatdaşlygyny has hem artdyrdy. 2005-nji ýylda Premýer ministr Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky hökümet sebitdäki hyzmatdaş ýurtlar bilen bolan gatnaşyklary has çuňlaşdyrmak, täze dostlar edinmek we materigiň öz potansiýalyny ýüze çykarmagyna kömek bermek üçin Afrika insiatiwa görkezdi. Şol diplomatik tagallalar Stambulda we Malaboda geçirilen Türkiýe-Afrika ýokary derejeli maslahatlar bilen dowam etdirildi.

Türkiýäniň halky üçin ýurduň Gündogar Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklaryndaky esasy öwrüm nokady Erdoganyň 2011-nji ýyldaky gurakçylygyň we ýetmezçiligiň iň ýokary derejesine ýeten mahalynda eden sapary boldy.  Erdogan 250 müň adamyň ýogalan zamanasynda halkyň ýeke däldigini we ýaňadandan özlerine gelmekleri üçin olara goldaw berjekdiklerine söz berdi.

Geçen aý Stambulda geçirilen Bütindünýä Ynsanperwer maslahatynda 32 Afrika ýurdunyň liderlerini myhman alan Türkiýe Gündogar Afrika saparyndan hem mertebeli ýagdaýda gaýdyp geldi.

Soňky ýyllarda Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy gullugy TİKA 30-dan gowrak ýurtda galkynyş taslamalaryny amala aşyrmak üçin 15 sany ofis açdy. Türkiýe diňe 2012-nji we 2013-nji ýyllarda Afrikadaky dürli-dürli ynsanperwer programalaryna 800 million dollar gymmadynda goşant goşdy. Türk meýletinleriň we resmileriniň ýygy we agyr işleriniň netijesinde saglygy goraýyş, azyk we ş.m. zatlaryndan mahrum bolan millionlarça adamyň ýaşaýşynda tapawutlylyk döretdi.

Geçen ýyl Türkiýe lukmanlara bilim bermek we syrkawlary bejergi etmek üçin Türk-Somali Bilim we ylmy-derňew hassahanasyny açdy. Şol hassahana Gündogar Afrikada iň uly saglygy goraýyş merkezi bolmagynda galýar.

Tagallalar diňe Gündogar Afrika ýurtlary bilen çäkli däl. 2014-nji ýylda Günbatar Afrikadaky Ebola epidemiýasyndan soň Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy (AFAD) Serre-Leone, Liberiýa we Gwineýa derman we ynsanperewer kömegini iberdi. AFAD mundan başgada Mozambikde we Günorta-gündogar Afrika ýurtlarynda bolan sil apatlarynda kömege gelen ýurtlaryň arasynda ilkinjileriň biri boldy.

Türk jemgyýetçilik guramalaryň we Daşary ýurtdaky türkler we garyndaş jemgyýetler müdürliginiň saýasynda 4500-den gowrak afrikaly ýaş oglan we gyzlar Türkiýäniň uniwersitetlerinde we koležlerinde bilim alýarlar.

Türkiýe şu günki günde Afrikanyň esasy bölegi ýagdaýyna öwrüldi. Her ýyl müňlerçe işewür adam, talyp we maşgala 32 ýurda 48 aýry ýere uçýan Türk howa ýollary bilen syýahat edýär. Türk kärhanalary 2000-nji ýyldan bäri ikitaraplaýyn iş kuwwadyny 8 esse artdyryp 6 milliard dollara ýetiren Sahara çölüniň aşagyndaky Afrika ýurtlaryny iş bilen üpjün edýärler.

10 ýyl ozala garanyňda Türkiýe häzirki wagtda Afrikadaky ilçihanalarynyň sanyny 5 esse artdyryp jemi 34-e ýetirdi.

Türkiýe köp işi ýerine ýetirmegine garamazdan Afrikanyň halky üçin we olar bilen bilelikde has köp işler etmek ugrunda erjelligini görkezmegini dowam etdirer.



Degişli Habarlar