Garabag 20 ýyldan gowrak wagt bäri meseläniň çözülmegine garaşýar…

Dünýä ýurtlary bolsa Garabag meselesine biperwaý garaýar

468999
Garabag 20 ýyldan gowrak wagt bäri meseläniň çözülmegine garaşýar…

Daglyk Garabag

Ermenistan tarapyndan basylyp alynan Garabag 20 ýyldan gowrak wagt bäri meseläniň çözülmegine garaşýar…

Dünýä ýurtlary bolsa Garabag meselesine biperwaý garaýar.

Meseläniň çözülmegi üçin döredilen Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk topary hem beýleki halkara guramalar ýaly basyp alyjy Ermenistany çözgüt meselesinde razy edip bilmedi.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda başdan geçirilýän Garabag düşnüşmezliginiň taryhy 1988-nji ýyla çenli uzap gidýär.

Şol döwürde ermeni hüjümleri bilen başlan çaknyşyklar Sowet soýuzynyň dargamagy bilen birlikde güýçlendi.

1991-1994-nji ýyllaryň aralygynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda başdan geçirlen söweş Garabagyň basylyp alynmagy bilen gutardy.

Basyp alyşlyk sebäpli Azerbaýjan uly ýitgi çekdi.

30 müňe golaý adam ýogaldy, Garabag bilen birlikde 7 etrapça ermeniler tarapyndan basylyp alyndy.

Şol etapda Hankendi, Hojaly, Şuşa, Laçin, Hojawendi, Kelbejer, Agdere, Agdam, Jebrail, Fuzuli, Kubatly we Zengilan dolulygyna diýen ýaly ermeniler tarapyndan basylyp alyndy.

Öýler ýakylyp ýykyldy, bigüna adamlar öldürildi. Yzly yzyna gyrgynçylyklar edildi, şäherler basylyp alyndy. Azerbaýjanlylar öz ýurtlaryndan sürgün edildi.

Azerbaýjanly 1 milliondan gowrak adam ýurtlaryny terk etmeli boldy.

1994-nji ýylyň maý aýynda hüjümleriň bes edilmegi üçin baglaşylan ylalaşyk bilen meseläniň çözülmegi üçin döredilen Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk topary hem parahatçylygy üpjün edip bilmedi.

Ylalaşyk front liniýasyndaky ylalaşyk ermenileriň hüjümi sebäpli yzygiderli ýagdaýda bozuldy.

Front liniýasynda 2014-nnji ýylda ýaňadandan başlan çaknyşyklardan soň depgini güýçlenen gepleşik etaby ýene-de netijesiz boldy.

Ermenistanyň basyp alyjy syýasaty we ylalaşygy bozmagy şol bir wagtda gepleşik etabyny hem bökdedi.

Üstümizdäki aýyň başynda ermeni esgerleriniň asuda ilaty nyşana almagy bilen çaknyşyklar ýaňadandan güýçlendi.

Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri front liniýasynda ermeni güýçlerine agyr zarba urdy.

Strategiýa taýdan esasy orun eýeleýan ýerleriň gözegçiligini ele geçiren Azerbaýjanyň ýaragly güýçleri front liniýasynda ruhy taýdan üstünlik gazandy.

Çaknyşyklaryň güýçlenmegi sebäpli halkara töwerekler bilen Russiýa töwellaçy boldy we çaknyşyklaryň 4-nji gününde front liniýasyndaky operasiýalaryň togtadylmagy hakynda karar kabul edildi.

Azerbaýjan gepleşik etaby üçin ýene-de bir gezek amatly şert döretdi.

Prezident İlham Aliýew Ermenistanyň basyp alyjy syýasatyny dowam etdirýändigini we gepleşik etabyny bökdeýändigini aýtdy.

Azerbaýjanyň öz territoriasyny gorap saklajakdygyny, başga biriniň topragynda gözüniň ýokdygyny aýdan Aliýew, emma Azerbaýjanyň territoriasynda ikinji Ermeni döwletiniň gurulmagyna asla rugsat bermejekdiklerini ýatlatdy.

Ermenistan tarapyndan basylyp alynan Garabag 20 ýyldan gowrak wagt bäri meseläniň çözülmegine garaşýar…



Degişli Habarlar