Lepanto söweşi, iki ýesirligiň hekaýaty we öýe dolanmak…

Lepanto söweşi (1571) uzak geçmişe eýe bolan Osman-Ýewropa gatnaşyklarynyň taryhynda iň gowy bilinýän wakalardan biri bolsa gerek

455072
Lepanto söweşi, iki ýesirligiň hekaýaty we öýe dolanmak…

Lepanto söweşi (1571) uzak geçmişe eýe bolan Osman-Ýewropa gatnaşyklarynyň taryhynda iň gowy bilinýän wakalardan biri bolsa gerek 16-njy asyrdan bäri şol söweşiň ýada salýan simwolizm, ýatlamalar we duýgular ysmay hem-de günbatar düşünjeleriniň deňeşdirilmeginde öçmejek yz galdyrdy. Diňe bir deňiz söweşi bolmak däl, eýsem diýseň tapawutly adamlaryň ykbalyny garaşylmadyk şertlerde biri-birine baglady. Günbatar edebiýatynyň abraýly wekillerinden biri we orta asyryň meşhur ispan ýazyjysy Miguel Serwantesiň hem-de Osman döwlet adamsy, şahyr we taryhçy Mahmudyň ýesirlik, aýralyk we garaşylmadyk pursatlarda öýe dolanmak ýaly eriş-argaç adalgara şahatlyk eden hekaýatlary onuň aýdyň mysaly.

Awstraliýaly Don Kihot tarapyndan gönükdirilen Ýewropanyň deňiz flotynyň, Gresiýanyň Korint aýlagyndaky Lepantonyň golaýynda Osman güýçlerini ýeňmegi bütin dünýä jar edildi. Ýewropalylar Osman döwletinden has köp geň galdylar. Asyrlardan bäri ýeňilmezek bolan türkler ilkinji gezek ýeňildi we Ýewropa howply “türk köli” bolmakdan halas edilipdi.

Ýewropanyň çar tarapyndan dürli şüweleňler guraldy, zyýapatlar berildi. Ýeňiş şowhuny höküm sürýärdi. “Türkler golaýda synmalydy.” Ýewropadaky gowy hristiýanlary wepasyzlyklary we günäleri sebäpli terk eden taňry soňunda kömege gelipdi. Lepanto ýeňişinde möhüm rol oýnan Papa Pius 5-nji “sarajenlere” (Haçparaz ýörişlerinde musulmanlaryna berilen at) garşy täze bir söweş başlatmak üçin güýçli pozisiýa eýeläpdi.

Emma bu ýeňişiň şatlygy uzak dowam etmedi. Şol ýyl Osman döwleti Kipri zabt etdi. Floty ýaňadandan gurup, uly güýç bilen yza dolandylar. Sol Selim 2-njiniň baş weziri Sokolly Mehmet Wenesiýanyň ilçisi Markantonio Barbaro şeýle diýdi: “Bu täleýsizlikden nähili asgyn gelýändigimizi görmäge geldiňiz. Emma biziň ýitgimiz bilen siziň ýitgiňiziň arasyndaky tapawuda ünsüňizi çekmek isleýärin. Kipri sizden alyp, biz siziň goluňyzy gopardyk, siz bizi Lepantoda ýeňip sakalymyzy syrdyňyz. Kesilen gol ýaňadandan çykmaz, emma syrylan saklal has gür çykar”. Uzak ýyllar soň zehinini we kinesini ulanmak pursadyny sypdyrmadyk Woltair şeýle diýipdi: “Lepantoda türkler üstün çykana meňzeýär.”

Lepanto urşy köp yz galdyrdy. Soňky ýyllaryň dowamynda syýasaty, düşünjeleri we çemeleşmeleri ugrukdyrdy. Gahrymanlyk, pidakärlik, ýesirlik we öýe dolanyp geliş hekaýatlary Ýewropada hem-de Osman topraklaryna ýaýbaňlanmaga başlady. Şol hekaýatlar geljek nesilleriň hyýal güýjüne öwüşgin çaýdy. Şolaryň arasynda ispan we türk hekaýalary taryhy mazmuny, ebedi çeperçiligi we medeniýetara ähmiýeti taýdan ýatlamaga mynasyp.

Ynanç we watan üçin joşgunly bolan Miguel Jerwantes 1571-nji ýylda Lepantoda Osman döwletine garşy durmak üçin Ýewropanyň goşunlarynyň hataryna girdi. Ýarawsyzlygyna we serkerdesiniň duýduryşlaryna garamazdan söweş meýdanyna çykdy we çep elinden ýaralandy. Emma ol muny taňrynyň sylagy hökmünde kabul etdi, çünki ýazyjy hökmünde iň güýçli ýaragy bolan ýazuw ýazýan eline gönükmegini üpjün etdi. Uruş günlerini buýsanç bilen ýatlap, şeýle diýdi: “Şol gün men şol ýerdedim.” Emma uzak ýyllar soň Serwantes musulman garakçylar tarapyndan zamun alynyp, Alžire getirilýär. Ol ýer 5 ýyl ýesirlikde ýaşaýar. Eserleriniň esasy böleginde mysal üçin “Alžiriň ýesiri” , “Alžiriň zyndanlary” we meşhur eseri “Don Kihotda” Alžirde geçiren ýesirlik ýyllaryny gürrüň berýär. 1580-nji ýylda teslis messebiniň araçylyk etmeginde paç tölenmegi netijeside zat edilýär.

Serwantesiň 5 ýyllyk ýesirligi, ömür boýy ata watanynda diskussiýalaryň dowam etmegine sebäp boldy. Şol ýyllaryň dowamynda näme edipdi? Ynanjyna dönüklik etdimi? Gizlinlik musulman bolandygy dogrymy? Osman häkimiýeti astyndaky Alžiriň Emiri Hasan Paşa bilen gowy gatnaşyklaryny nähili düşündirýär? Hawa, 4 gezek gaçmaga synanşypdy. Emma şol sebäpli bir gezegem jezalandyrylmady. Tersine oňa gowy çemeleşdiler. Näme üçün? Şeýle soraglar ispanlary biynjalyk eden bolmaly. Emme hiç haçan gaçyp, öýe ýetmekden el çekmedige meňzeýär. Tussaglyk ýyllarynda gelip-giden musulman, hristiýan we ýehudi tussaglary görüp, musulmanlyk ynanjy, medeniýeti, sungaty we Demirgazyk Afrika barada düýpli tejribe gazanýar. Şolar hem edebi eserlerini baýlaşdyrdy. Elbetde Serwantes liberal ýa-da plýuralist däldi. Yslama we musulmanlara orta asyr hristiýanlygynyň ýalan hekaýatlary, kyssalary we ters düşünjeleri jähtden garapdyr. Elbetde öz ýesirligini ýigrenen bolmaly. Muňa garamazdan öýüne dolanyp gelişi medeni we edebi hadysa öwrüldi, çünki adaty adamlaryň ýanynda Alžiriň ýolbaşçylary bilen geçiren köp sanly duşuşyklary oňa 16-njy asyrda döwürdeşlerinden has uly pursat döredipdi.

Lepanto urşunda ykbaly kesgitlenen adamlaryndan biri-de Osman döwlet adamsy, şahyr we taryhçy Hindili Mahmutdy. Onuň başdan geçirenleri “Hindili Mahmudyň günleri” atly edebi eser bilen netijelenen ýesirlik we öýe dolanyp baryş hekaýatydyr. 1513-1514-nji ýyllaryda Afýonkarahisarda ýönekeý bir maşgalada dünýä inen Mahmud Osman döwletinde çaltlyk bilen beýgelip, kazyýetiň agzasy, soň hazynadar we ilçi bolup işleýär. Lakamly bolan “Hindili” ady ona şol döwürde mirasdar bolan, soň tagta çykan şazada Selim tarapyndan dakylypdy.

Mahmudyň täleýsizligi Lepanto urşy sebäpli Osman deňiz güýçleriniň hataryna girmegi bilen başlaýar. Osman döwleti uruşda ýeňilenden soň Don Jon tarapyndan ýesir alynýar. Birnäçe hepde dowam eden ýolagçylykdan soň ýanyndakylar bilen birlikdfe ilki Messina, soň Napoli şäherine, soň bolsa Rime alynyp gidilýär. Hindili Mahmut Rimdekä Kastel Sant Angeloda tussag edilenden soň durmuşynda täze döwür başlaýar. İne şol ýerde Mahmudyň ýoly Osman soltany we günbatarda Zizim şazada hökmünde tanalýan Baýezydyň dogany Jem Soltan bilen kesişýär. Jem tagty doganyna aldyrandan soň durmuşynyň soňky 13 ýylyny Rodos rysarlarynyň, Papa İnnosent 8-njiniň we dürli feodal baýlaryň elinde ýesirlikde geçirýär we 1495-nji ýylda Napolide aradan çykýar. Jem Rimdekä Ýewropadaky uly gyzyklanmanyň, ýokary hyýaly güýjüniň we syýasy çekeleşikleriň sebäpkäri hökmünde bir tussaghanada bolýar.

Hindili Mahmut ýesirlik ýyllarynda öýe dolanma umydyny hiç ýitirmändir. Gözlerinde ýaş, çagalaryny we aýalyny pikir etdi. Täleýsizlikleriň öňünde alladan güýç diledi. Bile bolýan adamlaryna güýçli bolmaklaryny maslahat berdi. Şonuň netijesinde-de güýç-gaýradyny gorap sakladylar. Biri-birlerine jebisleşdiler. Bilelikde dogan okadylar. Olara tussag edenlere Juma namazyny okamak we Muhammet pygamberiň doglan gününi belläp geçmeklerine rugsat berendikleri üçin sagbolsun aýtdylar. Hat-da tussaghanada batly ses bilen azan hem okadylar. Kastel Sant Angelo Osman ýesirleri üçin ybadathana öwürlipdi.

Şygyr formasynda ýazylan we biziň günlerimize diňe käbir bölekleri gelip ýeten ýatlamasynda Hindili Mahmud edebi ukybyny Rimdäki ýesirlik günlerinde bir esaslanma hökmünde peýdalanýar. Don Jonyň olara asylzada çemeleşmesinden minnetdar boldy. Watikanyň papaçylyk syýasatyny tankyt edýär. Tussaghanadaky otagyndan 1572-nji ýylda Rimde bolan pitneleri, Papa Pius 5-njiniň ölümibi we Grigori 8-njiniň Piusyň ýerine geçişi bilen gyzyklandy. Ýewropanyň halky we medeniýeti barada barlaglar geçirýär. Bir gün Rimi zabt etmegiň hyýalyny etdi. Bu gadymy şäheri türklerin ahyrky maksatlaryny we häkimiýet başyna geçişini häsýetlendirmek üçin ulanýan gadymy frazalogiýa bolan “Gyzyl alma” atlandyrypdy.

1575-nji ýylda ýesir çalşygynda azatlyga çykanda 64 ýaşyndady. Ömrüniň galanyny Stambulda, meşhur “Pygamberleriň hekaýatlary” atly kitabyny ýazmak bilen geçirýär. Kitabyny oňa azatlygyny beren Soltan Myrat 3-njä bahşedýär.

Hem Serwantes hem-de Mahmut üçin öýe dolanmak täze dogluş we uly şowk hem-de şükür çeşmesi bolupdy. Tapawutly adamlar bolandyklaryna we tapawutly tejribeleri başdan geçirendiklerine garamazdan ýesirlik ýyllaryna esaslanmaklaryna sebäp bolan zatlar az-kände meňzeşdir: ynanç, umyt we çydamlylyk. Şol bir wagtda ikisi hem edebi ukyplary, hyýal güýçleri we medeniýetara çuňluklary bilen saýlama şahsyýetlerdi. Olaryň adyny biziň günlerimize ýetiren hem şol özboluşlyklarydyr.

Elbetde bular bilen çäkli däl. Başdan geçirenleri 16-njy asyryň başga bir tanymal şahsyýeti, günbatarda Afrikaly Leo atlandyrylýan Hasan Al Wazzanyňky bilen birmeňzeş. Al Wazzan 1518-nji ýylda ýesir düşüpdir we Papa Leon 10-njynyň hyzmatkäri bolupdyr we dünýä meşhur “Afrikanyn Teswiri” atly eserini ýazypdyr. Amin Maaloufyň “Afrikaly Leo” atly kitaby onuň başdan geçirenlerini edebi esere öwürdi.

Bu başdan geçirmeler adamyň ruhunyň synaglaryň we bela-beterleriň öňündäki çydamlylygyny aňladar. Ýesirligiň we öýe dolanmaklygyň umumylyklaryny görkezýär. Emma şol bir wagtda-da musulman we günbatar jemgyýetleriniň dürli derejelerde biri-birleri bilen aragatnaşygynyň çylşyrymly hem-de çapraz gurluşyna hem ünsleri çekýär. Bar bolan musulman-günbatar kyssasyna goşant goşantlary döwrümiziň synaglary hem-de apatlary taýdan iňňän möhüm.


Etiketkalar: #İbrahim Kalyn , #hekaýat

Degişli Habarlar