Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä sapar gurady

Prezident Ärdogan hormatly Prezidentimizi türk topragynda ýene-de bir gezek mähirli garşylady

247148
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä sapar gurady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä sapary dostlugyň berk binýadyna hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň ýolunda täze möhüm ädim bolar. Häzirki döwürde däp bolan türkmen-türk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä we many-mazmuna eýe boldy. Yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlar we ýokary derejedäki duşuşyklar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, bu gezek Ankarada geçirilýän ýokary derejedäki şu gepleşikler türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýediginiň nobatdaky tassyknamasydyr. Bu hyzmatdaşlyk bolsa özara bähbitlere, sebit we ählumumy möçberde abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýär.

Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Ankara şäheriniň “Esenboga” halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň gelmeginiň hormatyna haly ýodajygynyň ugrunda hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekçi, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Milli lybasdaky gyz we oglan türkmen Liderine gül desselerini gowşurdylar.

Bu ýerde, howa menzilinde türkmen döwletiniň Baştutanyny Ankara bir gün öň gelen Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Türkiýäniň esasy ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary mähirli mübäreklediler.

Türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaşlar barada yzygiderli alada edýändigi, ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almaga, şol sanda daşary ýurtlaryň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde okamaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Milli Liderimiz ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, talyplaryň okuwy bilen gyzyklandy hem-de olara bilim we hünär almakda maksada okgunly bolmagy arzuw etdi.

Talyplar muňa jogap edip, alan bilimlerini iş ýüzünde netijeli ulanmak hem-de ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak üçin okuwa örän jogapkärli çemeleşjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we onuň ilkinji Prezidenti Atatürküň mawzoleýine tarap ugrady, şol ýerde gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu uly desga Ankaranyň merkezindäki belent diňde guruldy. Atatürk (Anytkabir) mawzoleýiniň merkezi girelgesiniň öňünde türkmen döwletiniň Baştutanyny türkmen tarapynyň resmi adamlary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjyMustafa Kemal Atatürküň müdimilik aram tapan ýerine dabaraly ýagdaýda ajaýyp gül dessesini goýup, Türkiýäniň beýik syýasy we döwlet işgärini bir minutlap dymmak bilen hatyralady.

Dabara tamamlanandan soň, türkmen Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Atatürküň mawzoleýinden türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni Ankaranyň döwrebap seýilgäh toplumlarynyň biri bolan “Dikmen Wadisi” toplumynda ýerleşen “Türkmenistan” seýilgähine tarap ugrady. Şol ýerde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylypdyr. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar, şeýle hem giň jemgyýetçiligiň, türk işewürler toparlarynyň wekilleri we Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary mähirli garşyladylar.

Mälim bolşy ýaly, bu seýilgähiň we onuň çäginde oturdylan beýik türkmen nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň dabaraly açylyşy hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylda Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda bolupdy. Bu şanly waka iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dostlugyň we doganlygyň mizemezliginiň aýdyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Milli Liderimiz Magtymguly Pyraga hormat-sarpa goýmak bilen ýadygärligiň etegine ajaýyp gül dessesini goýdy. Beýik türkmen şahyrynyň döredijilik mirasy milli baýlyk hem-de dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasyna – “Aksaraý” köşgüne tarap ugrady. Milli Liderimiziň awtomobilini hormatly atly eskort ugratdy. Şol ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy. Köşgüň öňündäki meýdançadaky baýdak sütünlerinde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy.

Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Bu ýerde nyzama düzülen hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlaryna dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Iki ýurduň Liderleri esgerleriň hatarynyň öňünden geçýärler.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary, türkmen Lideri hem öz kärdeşini Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli türkmen myhmanyny Köşge, öz iş otagyna çagyrýar, şol ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Türkiýäniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, türkmen Liderini türk topragynda kabul edýändigine örän şatdygyny aýtdy. Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň bu saparyna öz ýurdunda däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka, türkmen-türk dostlugynyň mizemezliginiň täze aýdyň nyşany hökmünde baha berilýär. Türk Lideri Türkiýäniň ýurdumyz bilen giň möçberli, strategiki hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürmäge uly goşandyny aýratyn belledi. Bu gatnaşyklar bolsa ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýede doganlyk Türkmenistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli oňyn özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerini ruhubelentlik bilen kabul edýändiklerini nygtap, ähli türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä resmi sapar bilen gelmäge çakylygy we mähirli garşylanandygy üçin öz türkiýeli kärdeşine minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň hem bu sapara hem-de şu gepleşiklere uly ähmiýet berýändigini nygtady. Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletdir. Iki doganlyk halkyň umumy taryhy kökleri we gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli däpleri bar. Türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň hemişe özara hormat goýmaga we birek - birege goldaw bermäge esaslanýandygyny belläp, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýtdy.

Milli Liderimiz şu gepleşikleriň ähli ugurlarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana we onuň üsti bilen tutuş türk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Özara düşünişmek we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen-türk gatnaşyklarynyň giň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini anyklaşdyryp, Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň ägirt uly kuwwata eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge meýillidigini tassykladylar.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Soňra gepleşikler Uly mejlisler zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalaryny türk topragynda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berdi. Ozaldan gelýän dostluk we doganlyk däpleri şol gatnaşyklaryň ygtybarly binýadyny düzýär. Türk Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkiýede Türkmenistan bilen giň möçberli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn syýasaty halkara jemgyýetçiliniň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe boldy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan turk tarapynyň dostluk gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşylgyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine berýän ähmiýeti barada aýdyp, geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň döwlet baştutany hökmünde Orta Aziýa ýurtlaryna ilkinji sapary bolandygyny belledi.

Şunda şu ýokary derejedäki gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýandygy bellenildi. Gepleşikleriň gün tertibine ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri girizildi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygy meselelerine hemişe üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, onuň ýurdunda türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini şertlendiren giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny hem-de iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýandygyna tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny belledi.

Türkiýäniň Baştutany iki döwletiň ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine çemeleşmeleriniň gabat gelýändigingi ýa-da ýakyndygyny kanagatlanmak bilen belläp, türk tarapynyň abraýly sebit we halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde Türkmenistan bilen mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge meýillidigini, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak, durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini belläp, Türkiýäniň energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artmagy hem ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkiýäniň Baştutany döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan gumanitar ulgamda özara gatnaşyklar meselelerine ünsi çekip, bilim, ylym we medeniýet ugry boýunça däp bolan netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar. Ýurtlaryň ikisinde hem bu ulgamy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan gol çekilmäge taýýarlanylan resminamalaryň Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtap, taraplaryň gazanan ylalaşyklarynyň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkiýäniň Baştutany şu ýylyň Türkmenistan üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyň 20 ýyllyk şanly senesine beslenendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ähli türkmen halkyny halkara derejesinde giňden bellenilýän bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Aşgabatda geçiriljek ýubileý dabaralaryna gatnaşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýä resmi sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mizemezdigine ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şu sapar aýratyn ähmiýetli döwürde geçýär. 2015-nji ýyl – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllyk baýramynyň bellenýän ýylydyr. Şu ýyl biziň döwletimizde «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi. 2015-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň şanly 20 ýyllyk baýramyna bagyşlanan dabaralar we çäreler geçiriler. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türk kärdeşini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramy mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin, Türkmenistana sapar bilen barmaga çagyrdy.

Şunda milli Liderimiz şu ýyl Türkiýäniň we bütin türk halkynyň öz taryhyndaky şanly senäni – Çanakkaladaky söweşiň 100 ýyllygyny belleýändigini aýratyn nygtady. Bu söweşde türk halky öz garaşsyzlygy hem-de özbaşdaklygy ugrunda gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň we edermenligiň aýdyň nusgasyny görkezdi.

Öz nobatynda, türkmen Lideri Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana bolan saparynyň ähmiýetini belledi. Biz bu sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde taryhy tapgyr hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleriň dowam edýändigini belläp, şu saparyň dowamynda gol çekiljek ylalaşyklaryň hem özara hyzmatdaşlygyň halkara - hukuk binýadyna saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwrüň derwaýys meselelerine, ilkinji nobatda bolsa, parahatçylyk hem-de ösüş, howpsuzlyk we adamzada abanýan howplara garşy göreş babatda garaýyşlaryň birmeňzeş bolmagy ýa-da gabat gelmegi bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar.

Türkmenistanyň energiýa serişdelerini howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirmek boýunça başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde biz Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga örän uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýangyç-energetika pudagynda baglaşylan ylalaşyklar iki ýurduň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň strategiki geljegine gönükdirilendir.

Milli Liderimiz halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek meselesine strategiki ähmiýetli wezipe hökmünde garalýandygyny belläp, bu ugurda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň sebitara we ählumumy derejede möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Gündogar-Günbatar» ugry boýunça häzirki zaman ýol-ulag geçelgesini döretmekde biziň ýurtlarymyzyň öň hatarda bolmagy üçin doly esas bar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-türk doganlygynyň aýdyň mysallaryny biz söwda-ykdysady ulgamda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlykda görýäris diýip belledi.

Biziň döwletlerimiz özara ýakyn we örän işjeň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki döwürde Türkiýäniň 600-e golaý kompaniýasy we işewürlik düzümleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleri amala aşyrýarlar. Geçen ýylyň netijeleri boýunça özara söwda dolanyşygynda Türkiýe ikinji orny eýeledi. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberi 6 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy we 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 26,6 göterim ýokarlandy. Ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini ýakyn ýyllarda ep-esli artdyryp bolar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkiýeli hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň dokma senagatyny döretmäge möhüm goşant goşandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz energetika, gurluşyk we ulag pudaklarynda, himiýa senagatynda, gaýtadan işleýän we azyk önümçiligi senagatynda özara bahbitli hyzmatdaşlygyň ençeme anyk mysallaryny getirip boljakdygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Hususan-da, biz örän iri taslamalar bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň we Aşgabadyň Halkara hawa menziliniň, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň we köpri-geçelge ulgamlarynyň gurluşygyny türk kompaniýalaryna ynandyk. Türkmenistanyň himiýa senagatynyň desgalaryny gurmaga hem türk hyzmatdaşlarymyz işjeň gatnaşýarlar. Elektrik energetikasy boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Aşgabadyň elektrik energiýasy bilen üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany türk kompaniýalary amala aşyrýarlar. Mundan başga-da, Lebap we Mary welaýatlarynda uly elektrik stansiýalaryny türk firmalary gurýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistanyň oba hojalyk önümçiliginde we azyk senagatynda hem türk doganlarymyzyň gatnaşmagynda köpsanly taslamalar durmuşa geçirildi. Biz bilelikde ýokary tehnologiýalaryň esasynda enjamlaşdyrylan, bugdaýy we däne önümlerini saklaýan, gaýtadan işleýän iri desgalar toplumyny döretdik. Ýokarda aýdylanlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň diňe käbir mysallarydyr. Bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmak bilen, Türkmenistan we Türkiýe gymmatly tejribe toplaýarlar hem-de geljekki ösüşiň pugta binýadyny döredýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda – ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk has-da ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyna we Işewürlik geňeşine uly ornuň degişlidigini aýtdy. Olar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde täsirli gural bolup hyzmat etmelidir, şol sanda
nanotehnologiýalary, ekologiýa taýdan arassa önüm öndüriji organiki ekerançylygy, maglumat - aragatnaşyk, ýol-ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek we beýleki ileri tutulýan ugurlar boýunça möhüm taslamalary amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri döretmelidir.

Syýahatçylyk pudagynda hem netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Biz geçen döwürde türk dostlarymyz bilen hyzmatdaşlyk etmek netijesinde, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe häzirki zaman ulgamlaryny döretdik we ulanmaga berdik. Bu ugurda toplanan tejribe geljekde amala aşyryljak giň möçberli işleriň berk binýadyny emele getirýär.

Türkmen - türk doganlygynyň berk binýatlarynyň biri hem iki halkyň taryhy, medeni we ruhy taýdan köp umumylyklarynyň bolmagydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ata - babalarymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan milli däplerini dowam etmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Biziň halklarymyzyň umumy kökleri asyrlara uzalyp gidýär we häzirki döwürde aýratyn many - mazmuna eýe bolýar. Bu babatda beýik akyldarlarymyz we nusgawy şahyrlarymyz Ýunus Emräniň, Garajaoglanyň, Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki akyldarlarymyzyň eserlerini giňden öwrenmegi we wagyz etmegi dowam etmek boýunça bilelikde toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan hem-de Türkiýe ylym we bilim ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplady. Bu ugurda toplanan tejribe bolsa, iş ýüzünde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň pugta esasyny emele getirýär. Iki ýurduň ylym we bilim merkezleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Bu ugurda, Türkmenistanda abraýly we iri ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Halkara türkmen - türk uniwersitetiniň mümkinçilikleri geljekde hem has-da artar. Bu ýokary okuw mekdebiň geljek ýyl ulanmaga beriljek täze binalar toplumy häzirki zaman tehnologiýalary, okuw serişdeleri we enjamlary bilen doly üpjün ediler.

Türkmenistanyň Baştutany türkmen - türk doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösjekdigine ynam bildirip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa bagt, abadanlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar guramasynyň (DEIK) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň (TIKA) arasynda “Toprakly we topraksyz ýyladyşhana gurmak” taslamasynyň ýerine ýetirilmegi baradaky Teswirnama,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Zähmet, durmuş taýdan goramak we iş bilen üpjünçilik babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Ýükleriň halkara utgaşdyrylyp daşalmagy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkiýe Respublikasynyň Baştutany birek-birege hormat goýmak we netijelilik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň jemlerini beýan etmek bilen, ýokary derejede geçirilen duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Duşuşygyň barşynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem onuň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hakynda ylalaşyk gazanyldy. Türk lideri özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meselelerine iki tarapyň hem çemeleşmeleriniň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny aýratyn nygtady.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Türkmenistanda dürli pudaklarda düzümleýin taslamalary amala aşyrýan türk kompaniýalarynyň giň gerimli işleri alyp barýandygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, türk Lideri üstünlikli işewür hyzmatdaşlyk babatda amatly şertleriň döredilmegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkiýäniň baştutany söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem uly mümkinçilikleriň açylýan ugur bolan energetika we ulag pudaklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary esasy ugurlaryň hatarynda görkezip, bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna hyzmat etjekdigini belledi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan şu gün gol çekilen, iki dostlukly ýurtlaryň we halklaryň bähbidine gabat gelýän netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da giňeltjek resminamalaryň ähmiýetini belledi.

Türk Lideri pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny şu ýyl bellenilýän şanly sene—Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmen Bitaraplygy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha bermek bilen, türkmen –türk hyzmatdaşlygynyň taraplaryň üýtgewsiz erkine daýanmak bilen, geljekde hem täze mazmun bilen baýlaşyp, üstünlikli we sazlaşykly ösjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini teswirlemek bilen, bu sapara biz türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhyndaky ýetilen ýene-de bir täze sepgit hökmünde garaýarys, biz gadymy türk topragynda bolmak bilen, barha ösýän we berkeýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk diýip belledi. Şeýle hem bar bolan amatly şertleri peýdalanmak bilen, iki döwletiň arasynda iri taslamalary amala aşyrmak boýunça täze mümkinçilikleriň döreýändigi barada pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň we Türkiýäniň öz taryhyndaky möhüm ähmiýetli şanly seneleri belläp geçýändigine ünsüňizi çekmek isleýärin diýdi. Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegine 20 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda 2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Bu şanly senä bagyşlanyp geçirilýän çärelere halkara jemgyýetçiligi hem gatnaşar. Doganlyk türk halky hem 2015-nji ýylda Çanakkaladaky söweşiň 100 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçýär.

Biziň duşuşyklarymyzyň açyklyk we birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak we hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirmek ýagdaýynda geçýändigi bizde kanagatlanma duýgusyny döredýär diýip, milli Liderimiz saparyň netijelerine ýokary baha berdi hem-de dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny we uzak geljege tarap giň gözýetimleri açýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň döwletara gatnaşyklarynyň strategiki häsiýetini belläp, baglaşylan ikitaraplaýyn resminamalar hyzmatdaşlygyň halkara-hukuk binýadynyň üstüni ýetirýär, olar özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin has oňyn şertleri döredýär diýip nygtady.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda taraplar uly gyzyklanma döredýän halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biz doganlyk Türkiýäniň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky belent abraýyna we täsirli ornuna uly hormat goýýarys. Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, häzirki zamanyň dürli howplarynyň öňüni almak we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky tagallalary birleşdirmekde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biziň döwletlerimiziň abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-birege düşünişmek we goldaw bermek esasynda hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny doganlyk Türkiýäniň hemişe işjeň goldaýandygy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny türkmen-türk gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösýän we günsaýyn giňelýän ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, Türkmenistanyň uzak geljege niýetlenen milli ösüş maksatnamalarynda ýokary tehnologiýaly senagaty ösdürmegiň we eksporty artdyrmagyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny diýip belledi. Şundan ugur almak bilen, türkmen tarapy ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alyp barýan işlerine doganlyk Türkiýäniň işewür wekilleriniň işjeň gatnaşmagyna uly ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn we sebit derejesinde söwda, ulag-aragatnaşyk we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini we hil taýdan täze sepgitlere çykýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Mysal üçin, söwda dolanyşygy her ýylda dörtden bir esse diýen ýaly artýar. Has anyk aýdylanda, 2014-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 6 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Munuň özi şondan öňki ýylyň görkezijisinden 27 göterime golaý köpdür.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ünsüni ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maksadynda ertir, 4-nji martda Stambulda Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahatynyň açylýandygyna çekdi. Bu maslahata Türkiýäniň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň onlarça kompaniýalary gatnaşar.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň geografiki taýdan amatly ýerleşýändigini we tebigy baýlyklaryny göz öňünde tutup, biz energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen duşuşygyň barşynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan täze ugurlary barada pikir alşyldy. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna bilelikde çykarmaga türk doganlarymyz uly gyzyklanma bildirýär. Şu aýdylanlardan ugur alyp, biz energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň strategiki ähmiýete eýe bolan uly geljeginiň bardygyny ýene-de bir gezek tassykladyk diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Häzirki döwürde bu taslamalary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, halkara hukuk binýadyny emele getirmek işleri dowam edýär.

Medeniýet, ylym we bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn ýakyn gatnaşyklara hem okgunly häsiýet mahsusdyr. Taryhy kökleri bir bolan iki halkyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan däp-dessurlary häzirki döwürde has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly baýlaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Bilelikdäki guralýan dürli medeni çäreleriň, ylmy maslahatlaryň, sungat we döredijilik festiwallarynyň ýaş nesli doganlyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýeti bardyr.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Türki halklaryň halkara medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) çäklerindäki hyzmatdaşlygyň hem täze, has ýokary derejä çykandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Türki halklaryň halkara medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) karary bilen 2015-nji ýylda Mary şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda ähli doganlyk döwletler bilen bilelikde türki halklarynyň arasyndaky medeni - ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe medeni we ylmy çäreler geçiriler.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň baý taryhyny we medeni mirasyny öwrenmäge alymlaryň, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň uly goşant goşýandygyny aýratyn belledi. Bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada geçirilen gepleşikleriň dowamynda giňden pikir alyldy.

Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda, Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylýan saparyň öňünde goýlan maksatlara ýetilendigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogana ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, doganlyk türk halkyna
abadançylyk, parahatçylyk, bagtyýar durmuş we gülläp ösüş arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edarasyna bardy. Bu ýerde milli Liderimize Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň «Hormatly doktory» diýen ýokary derejeli ylmy adyň berilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Uniwersitet öz belent mertebeli myhmanyny--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýar. Binanyň girelgesiniň öňünde türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy jenap Rifat Hisarjyklyoglu hem-de Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Adem Şahin, Türkiýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, işewür toparlarynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylan kitap sergisiniň guralandygyny bellemek gerek. Onuň diwarlyklarynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň dünýäniň dürli dillerine, şol sanda türk diline terjime edilen düýpli ylmy işleri we ylmy-köpçülikleýin neşirleri bar. Sergide beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanyp neşir edilen eserleri, Türki halklaryň halkara medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) karary bilen 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan kitap önümleri görkezilýär.

Bu ýerde Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylyň nyşany hem görkezildi. Mälim bolşy ýaly, ýylyň dowamynda ýurdumyzda we halkara derejesinde giň gerimli çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Olar türkmen Bitaraplygynyň mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmäge, dünýä bileleşigini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan oňyn ynsanperwer syýasaty bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Aýratyn diwarlyk türkmenistanlylaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan we oňa giňden taýýarlyk görýän wakasy bolan Aziada-2017-ä bagyşlandy. Onda öňde boljak iri halkara sport forumynyň nyşany şekillendirilen sport atributlary, bloknotlar, senenamalar we beýleki neşir önümleri bar.

Hormatly Prezidentimiz mejlisler zalyna girýär. Bu ýerde şanly waka mynasybetli Türkiýäniň ylmy intelligensiýasynyň we işewür toparlarynyň wekilleri, türk ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, aspirantlary we talyplary, şeýle hem doganlyk ýurtda bilim alýan türkmen talyplary ýygnandylar.

Türkiýe Respublikasynyň iri ylym we bilim merkezlerine baryp görmeginiň döwlet Baştutanymyzyň dostlukly ýurda soňky ýyllarda amala aşyrýan saparlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, ylmy özgertmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän oňyn syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamynda başy başlanan we üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde Türkmenistanyň innowasiýalara tarap saýlap alan ugrunyň üýtgewsizdigine şaýatlyk edýän ägirt uly netijeler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasiýaly ykdysadyýeti kemala getirmek, senagaty ýokary tehnologiýaly önümçilige geçirmek, bu ugurlarda ylmy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugruna aýratyn üns berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutanynyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran öňki saparlarynyň dowamynda hormatly doktory bolup durýan Türkiýäniň iri halkara ýokary okuw mekdebi bolan Fatih uniwersitetinde guralan duşuşyklaryny, şeýle hem Bilkent uniwersitetiniň “Bilkent Kiberpark” tehnologik merkezine baryp görmegini mysal getirmek bolar. Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetinde geçirilen duşuşygyň hem üns merkezinde ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleriniň durandygyny bellemek gerek.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Ýokary okuw mekdebiň rektory Adem Şahin dabaraly çäräni açyp, bu ýere ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmany—türkmen döwletiniň Baştutanyny mähirli mübärekledi. Ýurduň abraýly uniwersitetleriniň birinde geçirilýän duşuşygyň ähmiýetini bellemek bilen, onuň ýolbaşçysy bu duşuşygyň möhüm waka hökmünde ýokary okuw mekdebiň taryhyna girjekdigini belledi. Uniwersitetiň rektory şeýle hem bu ýere ýygnananlary hormatly Prezidentimiziň giň möçberli ylmy işi bilen tanyşdyrdy. Türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda türkmen ylmyny täze belent sepgitlere çykarmaga hem-de bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň «Hormatly doktory» diýen ýokary derejeli ylmy ady dakmak hakynda” ýokary okuw mekdebiň alymlar geňeşiniň agzalary tarapyndan biragyzdan kabul edilen karar dabaraly ýagdaýda yglan edilýär. Milli Liderimiz bu hormatly ada türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşan uly goşandy, ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek babatda bitiren uly hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Soňra çykyş etmek üçin Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyna söz berildi. Jenap Rifat Hisarjyklyoglu döwlet Baştutanymyzy hormatly alymlyk adynyň dakylmagy bilen mähirli gutlap, Türkiýäniň Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýandygyny aýtdy. Şol üstünlikler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň miweleri bolup, bu syýasat ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmen halkynyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de işewür gatnaşyklaryny berkitmek meselelerine berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, türkmen Lideriniň Türkiýe Respublikasyna häzirki saparynyň däbe öwrülen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Dabaraly pursat gelip ýetýär: Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hormat bilen sahna çagyrýarlar. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda jenap Rifat Hisarjyklyoglu döwlet Baştutanymyza “Hormatly doktoryň” mantiýasyny geýdirýär we degişli diplomy gowşurýar. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň rektoryny, mugallymlary we talyplary, dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, «Hormatly doktor» diýen ýokary derejeli ylmy adyň berlendigi üçin, uniwersitetiň ýolbaşçylaryna hem-de ähli işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Men bu sylagy, ilkinji nobatda, dost-doganlygyň nyşany, Türkmenistana we onuň halkyna hormatyň nyşany, şeýle hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejede amala aşyrylýandygynyň subutnamasy hökmünde kabul edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistany we Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi häzirki taryhy eýýamda okgunly ösýän köp ugurly döwletara gatnaşyklarynyň has-da berkemegine esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda türkmen - türk hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary derejä çykýandygyny, muňa şu günki saparyň dowamynda geçirilen netijeli gepleşikleriň hem-de gol çekilen ylalaşyklaryň hem şaýatlyk edýändigini belledi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady Garaşsyz Watanymyzy döwrebap we ösen döwletleriň hataryna goşmakdan, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki döwürde islendik döwletiň ýokary derejelere, ösüşiň öňdebaryjy orunlaryna çykmagynyň, ilkinji nobatda, şol ýurduň ylym we bilim ulgamynda ýeten ýokary derejelerine baglydygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanda ýaşlara berilýän bilimiň ýokary hilli bolmagyna, dünýä ölçeglerine laýyk gelmegine uly ähmiýet berýäris diýip belledi.

Biz döwlet derejesinde halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary özleşdirmegi üçin ähli şertleri döredýäris. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňelmegini gazanmak maksady bilen ähli goldawlary berýäris diýip, hormatly Prezidengtimiz belledi. Şu maksatlardan ugur alyp, maýa goýumlaryny goýmagyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolan şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň döredijilik ukyplaryny hem-de mümkinçiliklerini açmaga aýratyn üns berýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Çünki ýaş nesliň, şahsyýetiň ösmegine goýlan maýa goýumlary ýurduň geljegi üçin goýlan maýa goýumlarydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri terbiýelemek boýunça geçirilýän düýpli özgertmeleriň hem-de toplumlaýyn çäreleriň aýratyn ähmiýetini belledi.

Şu maksat bilen ýurdumyzda milli kanunçylyk kämilleşdirildi, döwlet bilim ölçegleri girizildi. Ylmyň örän möhüm ugurlarynda, amaly we nazary ylmy-barlag işlerinde ýaş alymlary höweslendirmäge we goldamaga uly ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Kompýuter ulgamlaryny we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek, ylym - bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça netijeli işlere uly üns berilýär.

Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen bu ugurda ýakyn we göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrülendigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurda türkmen-türk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belledi. Doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda ylym we bilim ulgamlarynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk öz oňyn netijelerini berýär. Biz hyzmatdaşlarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça tekliplerini we başlangyçlaryny hemişe goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylym-bilim ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň arasynda Türkiýe Respublikasynyň ilkinji orunlary eýeleýändigini belledi. Türkmen ýaşlarynyň müňlerçesiniň Türkiýede bilim almagyny, häzirki döwürde hem köpsanly türkmen ýaşlarynyň okuwlaryny dowam etmegini munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Ylym-bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň barha ösdürilmegi we hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi biziň dost-doganlygymyzy has-da berkidýär. Bu bolsa halklarymyzy medeni taýdan özara baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ylym-bilim ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegini döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Türkiýäniň ylmy merkezleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň, olaryň ylmy barlaglary geçirmeginiň we tejribe alyşmagynyň örän peýdaly boljakdygy barada pikirini beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň örän peýdaly boljakdygyna berk ynam bildirdi. Munuň özi talyplarymyza we ýaş alymlarymyza öz hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda «Hormatly doktor» diýen ýokary derejeli ylmy adyň berlendigi üçin Ykdysadyýet we tehnologiýa uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna hem-de professor-mugallymlaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, ylymda täze açyşlary edip, belent sepgitlere ýetmegi, okuwda, işde we ylym dünýäsinde uly döredijilik üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Dabaraly çäre tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz uniwersitetiň Hormatly myhmanlar üçin kitabynda şu günki waka mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden öz kabulhanasyna tarap ugrady.

Şunda şu gün bu ýerde, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edarasynda ylalaşyklara gol çekişmek dabarasynyň bolandygyny bellemelidiris. Bu ylalaşyklar döwlet Baştutanymyzyň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň üstüni ýetirdi. Olaryň hatarynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň arasynda Türkmen-türk iş toparyny döretmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyk, Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň arasynda Ylalaşyk bar.

Agşam “Aksaraý” köşgünde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna agşamlyk naharyny berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary dowam edýär. Saparyň ikinji güni döwlet Baştutanymyzyň Stambul şäherine baryp görmegi göz öňünde tutulýar. Bu şäher Türkiýäniň iri ykdysady we medeni merkezi bolup durýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty geçiriler. (TDH)

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar