OPEC-e agza ýurtlaryň nebit önümçiligi azaldy

Nebit eksport edýän ýurtlar guramasynyň (OPEC) gündelik çig nebit önümçilgi ýanwar aýynda, dekabr aýyna garanyňda gündelik 797 müň barrel azalyp, 30 million 810 müň barrele çenli aşaklady

OPEC-e agza ýurtlaryň nebit önümçiligi azaldy

OPEC-iň berýän hasabatyna görä, global nebit üpjünçiligi ýanwar aýynda dekabr aýyna garanyňda gündelik 1,03 million barrel azalyp, takmynan 99 million 320 müň barrel boldy.

Ýanwar aýynda OPEC-e agza bolmaýan ýurtlaryň nebit önümçiligi gündelik 230 müň barrel azalyş bilen 68 million 520 barrele çenli aşaklady.

OPEC-iň çig nebit ňnümçiligi ýanwar aýynda geçen ýylyň dekabr aýyna garanyňda 797 müň azalyp 30 million 810 müň barrel boldy. Şeýlelik bilen OPEC-iň ýanwar aýynda global nebit üpjünçiligindäki paýy dekabr aýyna garanyňda 0,5 göterim azalyp 31 göterime çenli peseldi.

Geçen aý OPEC-e agza ýurtlaryň hatarynda çig nebit önümçilgini iň köp artdyran ýurtlar Nigeriýa we Ekwador Gwineýasy boldy.


Etiketkalar: nebit , OPEC

Degişli Habarlar