Germaniýa goranyş çykdajylaryny artdyrýar

Germaniýa goranyş çykdajylaryny 43 milliard ýewrodan 60 milliard ýewro çykarmagy maksat edinýär

Germaniýa goranyş çykdajylaryny artdyrýar

 

Germaniýa 2024-nji ýyla çeni goranyş çykdajylary üçin içerki milli girdejiniň 1,5 göterimden gowragyny sarp etmegi meýilleşdirýär

Germaniýanyň DPA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä,  Germaniýa goranyş çykdajylarynyň ýaragly goşunyň hataryna has köp esgeriň alynmagy we häzirki harby enjamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy üçin 43 milliard ýewrodan 60 milliard ýewro çykarmagy maksat edinýär.

Geçen ýyl Germaniýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan taýarlanan habarnama görä, ministrlik 2023-nji ýyla çenli goranyş çykdajylarynyň 40 göterim artdyrylmagyny isleýär. Şeýlelikde 43 milliard ýewro bolan goranyş çykdajylarynyň 2024-nji ýyla çenli 60 milliard ýewro çykarylmagy meýilleşdirilýär.

 

 

 

 


Etiketkalar: çykdajy , goranyş , Germaniýa

Degişli Habarlar