Nemes howa ýoly firmasy Germania ykdysady taýdan çökdi

Germania howa ýollary Türkiýe bilen birlikde 60 ýurda uçar saparlaryny guraýardy

Nemes howa ýoly firmasy Germania ykdysady taýdan çökdi

Merkezi Berlinde ýerleşýän firma nagt pul ýetmezçiligi sebäpli ykdysady taýdan çökendiklerini mälim etdi.

1986-njy ýylda açylan, 37 uçary bilen 1150 işgäri bolan Germania howa ýollary Türkiýe bilen birlikde 60 ýurda uçar saparlaryny guraýardy.

Ýylda 4 million ýolagçy gatnadýan firma, geçen ýyl Türkiýedäki uçuş nokatlaryny artdyrypdy.

2017-nji ýylda hem Germaniýanyň iň uly ikinji howa ýoly firmasy bolan Air Berlin ykdysady taýdan çöküpdi

 

 

 



Degişli Habarlar