Türkiýeden Russiýa edilen aýakgap eksporty 78 göterim artdy

Russiýa edilen aýakgap eksporty 78 göterim artyp 132 million dollara çenli baryp ýetdi

Türkiýeden Russiýa edilen aýakgap eksporty 78 göterim artdy

 

Türkiýeden Russiýa edilen aýakgap eksporty 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 78 göterim artyp 132 million dollara barabar boldy.

Türkiýäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berlen beýanata görä, Türkiýäniň deri we deri önümleri eksporty 15 göterim artyp 888 million dollara ýetdi.

Aýakgap eksportunda Russiýa birinji orny eýeleýär.

2017-nji ýylda Russiýa edilen aýakgap eksporty 74 million dollara barabar bolan bolsa şol san 2018-nji ýylda 78 göterim artyp 132 million dollara çenli baryp ýetdi.

Aýakgap eksportunda Russiýadan soň 83 million dollar bilen Yrak ikinji, 61 million dollar bilen Germaniýa üçünji orny eýeledi.

 

 


Etiketkalar: Russiýa , eksport , aýakgap

Degişli Habarlar