Türkiýeden Russiýa pomidor eksporty artdy

Russiýa 2017-nji ýylda 2 müň 75 tonna pomidor eksport edildi

Türkiýeden Russiýa pomidor eksporty artdy

Türkiýeden Russiýa edilýän pomidor eksporty, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda takmynan 14 esse artyp, 30 million 634 müň dollara yetdi.

Gündogar Gara deniz Eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen hasabata görä, Türkiýeden Russiýa 2018-nji ýylda 37 müň 107 tonna pomidor eksport edildi we ondan 30 million 634 müň 892 dollar girdeji alyndy.

Russiýa 2017-nji ýylda 197 müň 208 dollar gymmadynda 2 müň 75 tonna pomidor eksport edildi. 

Şeýlelik bilen Türkiýeden Russiýa 2018-nji yylda edilen pomidor eksporty, 2017-nji yyla garanyňda takmynan 14 esse artdy. 

 


Etiketkalar: Russiýa , pomidor , eksport

Degişli Habarlar