Russiýa eksport edilýän pomidoryň mukdary 100 müň tonna çykaryldy

“Rus kärdeşim bilen 50 müň tonnalyk pomidor eksportynyň 100 müň tonna çykarylmagy meselesi hakynda pikir alyşdyk we ylalaşyk gazandyk”

Russiýa eksport edilýän pomidoryň mukdary 100 müň tonna çykaryldy

 

Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli Türkiýeden Russiýa eksport edilýän pomidoryň mukdarynyň 50 müň tonnadan 100 müň tonna çykarlandygyny aýtdy.

Ministr Pakdemirli Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirlen 11-nji Bütin dünýä azyk we ekerançylyk forumynyň çäginde geçirlen Oba hojalik ministrleriniň konferensiýasyndan soň Türkiýäniň Germaniýadaky ilçihanasynda türk köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi.

Pakdemirli “Rus kärdeşim bilen 50 müň tonnalyk pomidor eksportynyň 100 müň tonna çykarylmagy meselesi hakynda pikir alyşdyk we ylalaşyk gazandyk” diýdi.



Degişli Habarlar