Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda gepleşikleri dowam eder

Hytaýyň Söwda ministrligi Wise-premýer Liu Hynyň gepleşikler geçirmek üçin ABŞ-na gitžekdigini beýan etdi

Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda gepleşikleri dowam eder

Ministrligiň Metbugat sekretary Gao Fing paýtagt Pekinde geçiren metbugat ýygnagynda Merkezi maliýe we Ykdysady liderlik topary ofisiniň direktory we Wise-premýer Liu Hynyň üstümizdäki aýyň 30-31-i aralygynda ABŞ-na gidip, söwda gatnaşyklary boýunça gepleşikler geçiržekdigini aýtdy.

Saparyň Amerikan tarapynyň çakylygyna laýyklykda guralžakdygyny nygtan Gao, taraplaryň gepleşikler bilen Hytaýyň döwlet Başlygy Si Sizinpiniň we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň “möhüm ylalaşyklaryny” bilelikde höweslendiržekdigini beýan etdi.

Hytaýyň we ABŞ-nyň ýokary dereželi wekiliýeti ýanwar aýynyň 7-9-y aralygynda söwda gepleşiklerini geçirmek üçin duşuşdylar, 2 gün görnüşinde meýilleşdirilen we taraplaryň ylalaşygyna laýyklykda ýene-de bir gün uzaldylan gepleşiklerden soň netiželer barada beýannama berilmändi.

Gepleşikleriň Hytaý bilen ABŞ-nyň söwda gepleşikleriniň iki taraply düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin şert döredýandigi nygtalyp, taraplaryň özara söwda gatnaşyklary barada giňişleýin pikir alyşandyklary beýan edilipdi.

 



Degişli Habarlar