Türkiýe 11 aýda 103 ýurda çaý eksport etdi

Gündogar Garadeňiz Eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan çaý eksportynyň gün saýyn artýandygyny aýtdy

1105621
Türkiýe 11 aýda 103 ýurda çaý eksport etdi

Türkiýeden üstümizdäki ýylyň 11 aýlyk döwründe 103 ýurda 3 müň 364 tonna çaý eksport edilendigine ünsi çeken Gürdogan, çaýyň täze görnüşleriniň öndürilmegi üçin tagalla edýändiklerini belledi.

Ahmet Hamdi Gürdogan 11 aýda türk çaýynyň 103 ýurda eksport edilendigini we şol eksportdan 6 million 271 müň dollarlyk girdeji gazanylandygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar