Türkiýäniň Wenesuella edýän eksporty 207 göterim artdy

Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 112,8 million dollara ýetdi

1105566
Türkiýäniň Wenesuella edýän eksporty 207 göterim artdy

Ege Eksportçy Bileleşikleriniň utgaşdyryjysynyň orunbasary Birol Jelep, şol artyş bilen ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň 112,8 million dollara ýetendigini aýtdy

Jelep beren beýannamasynda Prezident R.T.Erdoganyň we Wenesuellanyň döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduronyň iki taraply saparlarynyň syýasy hem-de medeni gatnaşyklaryň ýany bilen söwda gatnaşyklarynyň hem depginini güýçlendirendigini nygtady.

Wenesuella 2017-nji ýylyň ýanwar-yktýabr aýlarynyň aralygynda 36,7 million dollar eksport edilen bolsa, 2018-nji ýylyň degişli döwründe şol mukdaryň 207 göterim ýokarlap, 112,8 million dollara ýetendigine ünsi çeken Jelep, eksportda birinji orny 56,5 million dollar bilen galla önümleri bilen ir-iýmişleriň we ýagly tohumly ösümlikleriň, ikinji orny 17 million dollar bilen ulag we kömekçi senagat enjamlarynyň eýeleýändigini beýan etdi.

Esasanda azyk pudagynyň şol ýurda edýän eksportynyň 182 göterim ýokarlap, 73,2 million dollara ýetendigine ünsi çeken Jelep, Wenesuellanyň ABŞ-nyň goýan embargosy we nebitiň nyrhyndaky durnuksyzlyk sebäpli agyr ykdysady çökgünligi başdan geçirýändigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar