Russiýa bilen Argentina strategik şertnama baglaşdy

Russiýa bilen Argentina ýadro energiýasynyň parahatçylykly maksatly ulanylmagy üçin strategik şertnama baglaşdy

Russiýa bilen Argentina strategik şertnama baglaşdy

Rus energetika firmasy Rosatom tarapyndan berlen beýanatda, “Argentinada geçirlen G-20-niň liderler maslahatynyň çäginde Russiýa bilen Argentinanyň arasynda ýadro energiýasynyň parahatçylykly maksatly ulanylmagy üçin strategik şertnama baglaşdy” diýildi.

Beýanatda ady agzalýan şertnamanyň gol çekişlik dabarasyna Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Argetninanyň Prezidenti Makriniň hem gatnaşandygy nygtaldy.

Beýanatda şertnamanyň Argentinada ýadro güýç desgalarynyň gurulmagyny, üçünji ýurtlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini we ylmy barlag merkezleriniň açylmagyny öz içine alýandygy bellenildi.

 


Etiketkalar: Argentina , Russiýa

Degişli Habarlar