Russiýanyň energetika boýunça girdejisi artdy

Russiýa geçen ýyl nebit eksportyndan 93,3 milliard dollar, tebigy gaz eksportyndan bolsa 38,1 milliard dollar girdeji alypdy

Russiýanyň energetika boýunça girdejisi artdy

Russiýanyň nebit eksporty ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 37,7 göterim, tebigy gaz eksporty bolsa 31,3 göterim artdy. 

Russiýanyň Federal Gümrük gullugynyň berýan hasabatyna görä, ýylyň 9 aýlyk döwründe nebit eksportyndan 94 milliard dollar girdeji alynan bolsa, tebigy gaz eksportyndan 35,3 milliard dollar girdeji alyndy. 

Ady agzalan döwürde Russiýanyň suwuklandyrylan tebigy gaz eksporty 63,5 göterim artyp, 29,2 million kub metre ýetdi, ondan alynan girdeji bolsa 4,1 milliard dollara barabar boldy. 

Russiýa geçen ýyl nebit eksportyndan 93,3 milliard dollar, tebigy gaz eksportyndan bolsa 38,1 milliard dollar girdeji alypdy. 

 


Etiketkalar: eksport , tebigy gaz , nebit , girdeji , Russiýa

Degişli Habarlar