Katar Gaza 5 million dollar nagt pul kömegini berdi

Katar Gazada 50 müň maşgala 5 million dollar nagt pul kömegini berdi

1083419
Katar Gaza 5 million dollar nagt pul kömegini berdi

Mesele barada Katar tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Katardan berlen 5 million dollarlyk nagt pul kömeginiň ýakynda maşgalalara paýlanjakdygy nygtaldy.

Beýanatda halkara jemgyýetçiligine we guramalara Gazanyň halkynyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň çözülmegi üçin gyssagly işe girişilmegi hakynda çagyryş berildi we Gazadaky ähli pudaklaryň çökmegiň bosagasyna çenli gelendigi barada duýduryş berildi.

Beýleki tarapdan Gazadaky elektrik togy meselesiniň çözülmegi maksady bilen elektrik togy bekedi üçin Katar tarapyndan berlen ýangyç 9-njy oktýabrda Gaza getirildi.

 

 

 


Etiketkalar: #Katar , #Gaza , #nagt pul

Degişli Habarlar