Berat Albaýrak Türkiýäniň ykdysdyýeti bilen bagly beýanat berdi

Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, hökümetiň, türk ykdysadyýetini, milletiň asudalygyny we milli pul birligini nyşana alan hüjümleri yzyna serpikdirendigini habar berdi

Berat Albaýrak Türkiýäniň ykdysdyýeti bilen bagly beýanat berdi

Berat Albaýrak, Bursa Söwda we senagat palatasynda eden çykyşynda, spekulýatiw hüjümler bilen baglanşykly: “Prezident ulgamy bilen gelen çalt, güýçli, işjeň karar kabul etmek mehanizmi bilen, sazlaşyk içinde örän gysga wagtda çäre görüp, bu etabyň uly bölegini ortadan aýyrdyk, yzyna serpikdirdik” diýdi.

Ministr Albaýrak: “Türkiýäniň ykdysadyýetini, milletiň asudalygyny we milli pul birligini nyşana alan bu hüjümler ýagny, 2 aýlyk bu etap, ýurdumyza örän uly tejribe boldy we bu etapda ykdysadyýetimize ýetirilen täsirleri birin-birin ortadan aýyrmaga başladyk, dowam edýäris” diýip belledi.

Awgust, sentýabr, oktýabr aýlarynyň görkezijilerine üns berilende döwlet býujetiniň defisitiniň çalt depginler bilen peselýändigini görüp bolýandygyny aýdan Albaýrak: “Döwlet býujetiniň defisiti bilen bagly ilkinji çaklamamyza görä, görkeziji 40 milliard dollardan hem aşak peselýär. Eger şular ýaly dowam gündelik balans garaşylmadyk görkezjilere eýe bolar” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar