Stambul-Baku uçar gatnawlarynyň biletleri satylmaga başlandy

Türk Howa Ýollarynyň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Bilal Ekşi, Stambul Täze howa menzilinden, Azerbaýjanyň paýtagty Baku guraljak uçar saparlarynyň Biletleriniň satylmaga başlanandygyny habar berdi

Stambul-Baku uçar gatnawlarynyň biletleri satylmaga başlandy

Bilal Ekşi sosial media saýty Twitteriň üsti bilen, 29-njy oktýabrda açyljak Stambul täze howa menzilinden bilet satyşlary başlanan uçar saparlary barada beýanat berdi.

Bilal Ekşi: “Stambul täze howa menzilinden Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine uçar saparlarynyň biletleri satylmaga başlandy. Iki doganlyk ýurda (Azerbaýjan we DKTR) salam diýip Täze howa menzilinden saparlaryny başladýarys. 31-nji dekabra çenli arzanladylan bahalar bilen Täze howa menzilinden uçyň!” diýip çagyryş berdi.



Degişli Habarlar