Senagat önümçiligi 1,7 göterim artdy

Senagat önümçiligi awgust aýynda geçen ýylyň awgust aýyna garanyňda 1,7 göterim artdy

Senagat önümçiligi 1,7 göterim artdy

Türkiýäniň Hasabat guramasy awgust aýy bilen baglanşykly senagat önümçiliginiň indeksiniň netijelerini aýan etdi.

Şoňa laýyklykda senenama täsirinden saplanan senagat önümçiligi 9 günlik Gurban baýramy hem bolan awgust aýynda geçen ýylyň awgust aýyna görä 1,7 göterim artdy.

Möwsüm we senenama täsirinden saplanan senagaty emele getirýän pudaklara ser salynanda magdançylyk we daş karýeri pudaklary awgust aýynda iýul aýyna garanyňda  5 göterimlik artdy.

Möwsüm we senenama täsirinden saplanan senagaty emele getirýän pudaklara ser salynanda awgust aýynda geçen ýylyň awgust aýyna garanyňda magdançylyk we daş karýeri pudaklary indeksi 6,1 göterim, önümçilik senagat pudagy indeksi 1,2 göterim, elektrik tok, tebigy gaz, bug we howany kondisionirleme önümçiligi we paýlanmagy pudagy indeksi bolsa 2,9 göterim artdy.


Etiketkalar: indeks , önümçilik , senagat

Degişli Habarlar