Mugla gelen syýahatçylaryň sany 32 göterim artdy

Mesele barada Mugla welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdüri Filiz Karajaagaç beýanat berdi

Mugla gelen syýahatçylaryň sany 32 göterim artdy

Mugla welaýatyna ýylyň ilkinji 9 aýynda dynç almaga gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 32 göterim artdy.

Mugla welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdüri Filiz Karajaagaç Mugla dynç almaga gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawynda iňlisleriň 1-nji orundadygyny mälim etdi.

Filiz Karajaagaç: “Mugla iň köp dynç almaga gelen syýahatçylaryň arasynda 900 müň 75 adam bilen iňlisler bar. Iňlislerden soň 380 müň 487 adam bilen ruslar gelýär, ruslardan soň 177 müň 94 adam bilen nemesler, 168 müň 165 adam bilen ukrainlar we 132 müň 895 adam bilen polýaklar bar” diýip habar berdi. 


Etiketkalar: syýahatçy , Mugla

Degişli Habarlar