Dünýäniň iň baý adamlarynyň sany hem-de baýlygy artdy

Dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawy baradaky 6-njy habarnama çap edildi

Dünýäniň iň baý adamlarynyň sany hem-de baýlygy artdy

Habarnama görä, 30 million dollardan gowrak baýlygy bolan ynsanlaryň sany 2017-nji ýylda 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 12,9 göterim artyp 255 müň 810 adama ýetdi.

2016-njy ýylda dünýäniň iň baý adamlarynyň sany diňe 3,5 göterim artypdy.

Habarnama görä, 2017-nji ýylda  dünýäniň iň baý adamlaryň  jemi baýlygy 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 16,3 göterim artyp 31,5 trillion dollara ýetdi.

Dünýäniň iň baý adamlarynyň 48 göterimini 30-50 million dollarlyk baýlyga eýe bolanlar emele getirýär.

2017-nji ýylda dünýäde iň baý adamlaryň ýaşaýan ýurtlarynyň sanawynda ABŞ 1-nji orny eýeleýär.

ABŞ-dan soň nobaty bilen Ýaponiýa, Hytaý, Germaniýa, Kanada, Fransiýa, Gonkong, Britaniýa, Şweýsariýa we Italiýa gelýär

 


Etiketkalar: habarnama , dünýä

Degişli Habarlar