Kataryň Howa ýollary Eýrana guraýan uçar saparlaryny dowam etdirer

Kataryň Howa ýollary Eýrana guraýan uçar saparlarynyň dowam etjekdigini mälim etdi

Kataryň Howa ýollary Eýrana guraýan uçar saparlaryny dowam etdirer

Katarda çap edilýän “Aş-Şark gazetiniň berýän habaryna görä, Kataryň Howa ýollarynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Akber Al Bakir Eýrana guraýan uçar saparlarynyň dowam etjekdigini aýtdy.

Bakir paýtagt Dohada işewürleriň gatnaşmagynda geçirlen Halkara harytlar sergisiniň we konferensiýasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Katarň Howa ýollary Eýrana guraýan uçar saparlaryny dowam etdirer” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 8-nji maýda Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan bir taraply ýagdaýda çekilmeginden soň resmi Waşington 7-nji awgustda Eýrana sanksiýa goýdy.

ABŞ şol sanskiýalara laýyklykda hereket etmekleri barada dünýä ýurtlaryna duýduryş beripdi.

ABŞ-nyň sanksiýalaryndan soň iňlis howa ýollary firmasy British Airways bilen fransuz Air Frans ýaly käbir howa ýollary Eýrana guraýan uçar saparlaryny bes etjekdiklerini habar beripdi.


Etiketkalar: uçar saparlary , Eýran , Katar

Degişli Habarlar