2020-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap TürkAkym taslamasyndan tebigy gaz akdyrlar

Nowak taslamanyň Ýewropa çenli uzap gitjek ikinji liniýasy baradaky gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy

2020-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap TürkAkym taslamasyndan tebigy gaz akdyrlar

Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak 2020-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap TürkAkym taslamasynda iki geçirijiden tebigy gazyň akdyrlyp bilinjekdigini aýtdy.

Nowak rus habar kanaly Rossiýa 24-e beren beýanatynda taslamanyň Ýewropa çenli uzap gitjek ikinji liniýasy baradaky gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

Nowak “Bu meselede tapawutly alternatiwler bar. Birinji alternatiwde taslamanyň Gresiýadan üstaşyr İtaliýa çenli uzap gitmegi göz öňünde tutulýar. İkinji alternatiwde bolsa taslamanyň Bolgariýanyň üsti bilen Serbiýa, Wengriýa we Awstriýa çenli uzap gitmegi meýilleşdirilýär” diýdi.

TürkAkym taslamasynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulşy ýaly dowam edýändigini aýdan Nowak “2020-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap iki geçirijiden jemi 31,5 milliard kub meterlik gaz akdyrylmaga başlanar” diýdi.



Degişli Habarlar