Eýranlylar Türkiýä uly isleg bildirýär

Eýranyň Syýahatçylyk edarasynyň başlygynyň orunbasary Muhammed Haýýatiýan soňky 5 aýda daşary ýurtlara giden eýranly syýahatçylaryň esasan Türkiýäni saýlap alýandyklaryny beýan etdi

Eýranlylar Türkiýä uly isleg bildirýär

“Eýranly talyplar” habarlar gullugynyň habar bermegine görä Haýýatiýan soňky 5 aýda Eýrandan daşary ýurtlara gezmäge 3 million 92 müň 759 adamyň gidendigini, nobaty bilen Türkiýä, Yraga, Birleşen Arap Emirliklerine we Gürjistana islegiň ýokarydygyny aýtdy.

Geçe ýyl bilen deňeşdirilende üstümizdäki ýyl daşary ýurtlara gezmäge giden eýranlylaryň sanynyň 11 göterim aşaklandygyny beýan eden Haýýatiýan gidilen ýurtlaryň hatarynda şu ýyl Gürjistan bilen Azerbaýjanyň hem orun eýeländigini nygtady.

Türkiýäniň Myhmanhanaçylar bileleşigi tarapyndan fewral aýynda berilen beýannamada 2017-nji ýylda eýranly 2,5 million syýahatçyny kabul eden Türkiýäniň Eýranda syýahatçylyk bazarynda 1-nji orny eýeländigini habar beripdi.


Etiketkalar: Türkiýe , eýranly

Degişli Habarlar