Kataryň Energetika we senagat ministri: "Nebit bazaryndan isleg-üpjünçilik deňagramlygy bar"

Kataryň Energetika we senagat ministri Muhammed Bin Salih Al Sada nebitiň nyrhynyň psihiki täsirler we geosyýasy wakalar sebäpli ýokarlaýandygyny ngtap, bazarlarda isleg-üpjünçilik deňagramlylygynyň bardygyny beýan etdi

1064182
Kataryň Energetika we senagat ministri: "Nebit bazaryndan isleg-üpjünçilik deňagramlygy bar"

Al Sada Kataryň resmi habarlar gullugy “QNA” nebitiň nyrhynyň ýokarlamagy bilen bagly beýanat berdi.

Sada nebit önümçiliginiň azaldylmagy baradaky ylalaşyga gol goýan Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasyna agza ýurtlaryň we garaşsyz nebit öndürijileriniň isleg-üpjünçilik deňagramlygyny ýola goýmak üçin mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýtdy.

Nebit bazarynda köp sanly wakanyň başdan geçirilýändigini nygtan Sada, şolaryň hatarynda nebit üpjünçiliginiň, nebite bolan islegiň artmagynyň we geosyýasy meseleleriň bardygyny beýan etdi.


Etiketkalar: #Katar , #nebit , #nyrh

Degişli Habarlar