ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda söweşi has hem dartgynlaşdy

ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda söweşi dowam edýärkä, resmi Waşingtonyň sanksiýalary dartgynlygy has hem artdyrdy

ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda söweşi has hem dartgynlaşdy

Hytaý, ABŞ-niň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini çagyryp, sanksiýalara garşy berk reaksiýa bildirdi.

ABŞ, Hytaýyň Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almagy sebäpli, bu ýurdyň Goranmak ministrliginiň işgärlerine garşy sanksiýa girizmek barada karar kabul edipdi.

Hytaýyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Wu Çien beren beýanatynda: “Hytaýyň goşuny bu karara örän gaharlanýar we muňa çürt kesik garşy bolýar” diýip belledi.

Beýleki tarapdan Wall Street Journal gazedi, Hytaýyň, ABŞ bilen söwda söweşleri bilen bagly gepleşiklerden ýüz öwürendigini, şol sebäpli Hytaýyň Premýer ministri Liu Heniň öňümizdäki hepde Waşingtona gitmejekdigini öňü sürdi.


Etiketkalar: sanksiýa , ABŞ , Hytaý

Degişli Habarlar