Hytaý we Russiýa dollarsyz söwda üçin ilkinji göçüm edýär

Hytaý we Russiýa 2019-njy ýylda söwda işlerini milli pul birlikleri bilen ýerine ýetirmäge başlar

Hytaý we Russiýa dollarsyz söwda üçin ilkinji göçüm edýär

Russiýanyň Gönüden maýa goýum gaznasynyň başlygy Kirill Dmitriýew, Hytaý bilen 2019-njy ýylda ilkinji gezek milli pul birlikleri bilen söwda işlerini ýerine ýetirjekdiklerini habar berdi.

Dmitriýew Hytaýyň Galkynyş banky bilen gymmady 10 milliard dollara deň bolan Hytaý ýuanynda bir gaznanyň döredilmegi babatynda ylalaşandyklaryny beýan etdi.

Russiýanyň Döwlet Baştutany Wladimir Putin birnäçe wagt ozal beren beýanatynda ýurdy bilen Hytaýyň arasynda daşary ýurt bazarlaryna garaşlylygy azaltmak üçin milli pul birlikleri bilen söwda edip biljekdiklerini mälim edipdi.


Etiketkalar: dollar , Hytaý , Russiýa

Degişli Habarlar