Söwda ministri Pekjan Londonda saparda bolýar

Söwda ministri Ruhsar Pekjan Türkiýe-Britaniýa Ykdysady we söwda hyzmatdaşlyk toparynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Britaniýa bardyp, duşuşyklar geçirdi

Söwda ministri Pekjan Londonda saparda bolýar

Ministr Pekjan Britaniýayň paýtagty Londonda iki gün dowam etjek saparynyň birinji gününde Türkiýäniň Britaniýadaky ilçihanasynyň kabulhanasynda Britaniýanyň belli zenan işewürleri bilen duşuşdy.

Maslahatda Türkiýe bilen Britaniýanyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegini isleýandiklerini beýan eden Pekjan, ykdysady durmuşda zenan işewürleriň möhüm güýçlerden biridigini nygtady.

Jemgyýetiň abadançylygy we ýurduň eşretli geljegi üçin zenan işewürleriň iş durmuşyna işjeň gatnaşmagynyň, öz işlerini ýola goýmagynyň ähmiýetine ünsi çeken Pekjan, Türkiýede telekeçilere berilýän goldawlar barada maglumat berdi.

“Çetam Hausyň” ýokary derejeli ýolbaşçysy Robin Niblett bilen duşuşan ministr Pekjan, soň ylmy barlag guramasynda intelligensiýanyň belli adamlary bilen pikir alyşdy.

Britaniýanyň Söwda syýasaty ministri Jorj Hollingberi bilen duşuşjak Pekjan şu gün ŽETKO-nyň 6-njy maslahatyna gatnaşar.

Maslahatda iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşyklary, bazar şertleri, potratçylyk we tehniki geňeşdarlyk hyzmatlary, maliýe üpjünçiligi ýaly dürli ugurlar seljeriler.

Wiza we syýahatçylyk ugurlary, energetika pudagyndaky iş şertleri barada pikir alyşyljak maslahatda, ylym we innowasiýalar boýunça ediljek bilelikdäki işler seljeriler.



Degişli Habarlar