Türk ykdysadyýeti ýylyň ikinji çärýeginde 5,2 göterim ösdi

Türkiýäniň Hasabat guramasy ýylyň ikinji çärýegindäki içerki milli girdejiniň görkezijilerini çap etdi

Türk ykdysadyýeti ýylyň ikinji çärýeginde 5,2 göterim ösdi

Ösüş göterimi bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna agza ýurtlardan öňe geçen Türkiýe ÝB-ne agza ýurtlaryň hatarynda bolsa ikinji orny eýeledi

Türkiýäniň Hasabat guramasy ýylyň ikinji çärýegindäki içerki milli girdejiniň görkezijilerini çap etdi.

Şuňa laýyklykda içerki milli girdeji ortaça hasapda ýylyň ikinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrüne görä 5,2 göterim artdy.

Önümçilik usulyna görä hasaplaşyk nyrhlary bilen içerki milli girdeji çaklamasy ýylyň ikinji üç aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwrüne görä 20,4 göterim ýokarp, 884,4 milliard lira barabar boldy.

Içerki milli girdejini emele getirýän operasiýalar seljerilende, ýylyň ikinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwrüne görä ulgamlaýyn mukdar indeksi görnüşinde obaja hojalyp pudagynda girdeji gymmaty 1,5, senagat pudagynda 4,3, gurluşyk pudagynda bolsa 0,8 göterim ýokarlady.

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak güýçli eksport we syýahatçylyk girdejilerindäki ýokary depginiň kesgitli daşarky islegiň ösüşe oňyn goşmagyny üpjün edendigini nygtap; “Bu netije ykdysady syýasatlarymyzdaky başlangyç maksatlarymyzyň başynda durýan ykdysadyýetiň deňagramlaşma tapgyrynyň başlandygyny görkezýär” diýdi.



Degişli Habarlar