Antalýa gelen syýahatçylaryň sany geçen ýyla garanyňda artýar

Syýahatçylykda şu ýyl ähli ýyllaryň rekordyny goýmaga synanyşýan Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 9 million 666 müň 859-a ýetdi

Antalýa gelen syýahatçylaryň sany geçen ýyla garanyňda artýar

Antalýanyň welaýat Medeniýet we syýahatçylyk edarasy düýne çenli howa ýollaryň üsti bilen Antalýa gelen syýahatçylaryň sanyny aýan etdi.

1-8-nji sentýabr aralygynda Antalýa we Gazipaşa howa menzilleriniň üsti bilen şähere 539 müň 579 daşary ýurtly syýahatçy geldi.

Bu görkeziji geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 25 göterim köp.

1-nji ýanwarda 8-nji sentýabra çenli aralykda 2 howa menzilleriniň üsti bilen şähere 9 million 666 müň 859 daşary ýurtly syýahatçy geldi.

Bu görkeziji geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 29 göterim köp.


Etiketkalar: görkeziji , sentýabr , Antalýa

Degişli Habarlar