Söwda ministri Britaniýa we Argentina sapar gurar

Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan 11-nji sentýabrda Britaniýa, 14-nji sentýabrda bolsa Argentina sapar gurar

Söwda ministri Britaniýa we Argentina sapar gurar

Ruhsar Pekjan Britaniýanyň ÝB-niň düzüminden çykmagyndan soň geçiriljek ilkinji Türkiýe-Britaniýa Ykdysady we söwda hyzmatdaşlyk komtediniň maslahatyna gatnaşmak üçin 11-nji sentýabrda Londona gider.

Maslahatda söwda we maýa goýum gatnaşyklary, bazarlara girmegiň mümkinçilikleri, potratçylyk we tehnik maslahat hyzmatlary, maliýe hyzmatlar ýaly ugurlar ele alynar.  

Wiza we syýahatçylyk meseleleri, energetika ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriň hem ara alynyp maslahatlaşyljak ýygnakda, bilim we innowasiýa ugurlarynda ediljek hyzmatdaşlyklar orta atylar.

Ady agzalan maslahatyň çäginde Breksitden soň Britaniýa bilen täze bir erkin söwda ylalaşygynyň çäginde iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar jikme-jik ýagdaýda ele alynmagyna garaşylýar.

Maslahatyň ahyrynda Türkiýe-Britaniýa Ykdysady we söwda hyzmatdaşlyk komtediniň özara düşünişmek memorandumyna ministr Ruhsar Pekjan bilen Britaniýanyň Halkara Söwda ministri Liam Foks tarapyndan gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.  

Saparyň çäginde ikiçäk duşuşyklar hem geçirjek Ruhsar Pekjan, Chatham Housede geçiriljek maslahatda Britaniýanyň jemgyýetçilik pikirleriň liderleri bilen hem duşuşar.

Britaniýanyň zenan maýadarlary bilen hem duşuşyk geçirjek Pekjanyň, Londondaky Türk Söwda merkeziniň açylyşyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Pekjan mundan başgada Türkiýe-Britaniýa Işewürler forumynyň açylyşynada gatnaşar. Iki ýurdyň hususy pudaklarynyň wekillerini bir ýere jemlejek foruma Britaniýanyň Halkara Söwda minstri Foks hem gatnaşar.

Ministr Pekjan Britaniýa saparyndan soň 14-nji sentýabrda G20-ä agza ýurtlaryň Söwda we Maýa goýum ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Argentina gider.



Degişli Habarlar