Lžažij; “Serbiýa Izmir sergisinde ykdysady we söwda potensialyny görkezmäge pursat tapar”

Lžažij Serbiýanyň “hyzmatdaş ýurt” hökmünde gatnaşýan Halkara Izmir sergisi bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada garaýyşlaryny beýan etdi

Lžažij; “Serbiýa Izmir sergisinde ykdysady we söwda potensialyny görkezmäge pursat tapar”

Serbiýanyň Söwda, syýahatçylyk we telekommunikasiýa ministri Rasim Lžažij Türkiýäniň durnuklylygynyň sebit üçin iňňän möhümdigini beýan etdi

Lžažij Serbiýanyň “hyzmatdaş ýurt” hökmünde gatnaşýan Halkara Izmir sergisi bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada garaýyşlaryny beýan etdi.

Soňky döwürde Türkiýä edilýän spekulýatiw hüjümler barada durup geçen Lžažij; “Şol hüjümler özara gatnaşyklarymyza zeper ýetirmez. Türkiýe bilen hyzmatdaşlymyzy ösdüreris” diýdi.

Türkiýäniň durnuklylygynyň sebit üçin möhümdigine ünsi çeken serp ministr, sergä Serbiýadan 30 firmanyň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Lžažij; “Serbiýa Izmir sergisinde ykdysady we söwda potensialyny görkezmäge pursat tapar” diýdi.

Şu gün başlan we meşhur sungat ussatlarynyň, artistlerin hem-de şou dünýäsiniň meşhurlarynyň gatnaşmagyndaky 87-nji Halkara Izmir sergisi 17-nji sentýabra çenli açyk bolar.



Degişli Habarlar