Türkiýäniň polat eksporty 28,5 göterim artdy

Türkiýäniň polat eksporty 2018-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň aralygynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,5 göterim ýokarlap, 9,6 milliard dollara barabar boldy

Türkiýäniň polat eksporty 28,5 göterim artdy

Ýurduň polat eksporty mukdar taýdan 5,8 göterim ýokarlap, 12,7 million tonna, gymmaty taýdan bolsa 28,5 göterim ýokarlap, 9,6 milliard dollara deň boldy.

Türk polat önümçiligi pudagy, suwk polat önümçilik mukdary taýdan dünýäde sekizinji, Ýewropada bolsa ikinji orny eýeleýär.

2018-nji ýylyň awgust aýyndaky polat eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende mukdar taýdan 36, 4 göterim ýokarlap, 1,6 million tonna, gymmat gaýtan bolsa 43 göterim ýokarlap, 1,2 milliard dolara babar boldy.


Etiketkalar: ösdi , Türkiýe , Polat eksporty

Degişli Habarlar