Katar Germaniýada maýa goýar

Kataryň Maliýe ministri Ali Şerif Al Amadi ýurdunyň Germaniýada maýa goýjakdygyny beýan etdi

Katar Germaniýada maýa goýar

Geçen aý Türkiýede 15 milliard gönüden maýa goýjakdygyny habar beren Katar, indi bolsa Germaniýada goýjak milliardlarça dollarlyk maýa goýum karary bilen gün tertibine geldi.

Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Saniniň 7-nji sentýabrda Berline gurajak saparynyň öň ýanynda Germaniýada çap edilýän “Handelsblatt” gazetine interwýu beren Kataryň Maliýe ministri Ali Şerif Al Amadi maýa goýumlarynyň saparyň dowamynda yglan ediljekdigini beýan etdi.

Al Amadi Germaniýany global ykdysadyýetde möhüm güýçlerden biri hökmünde kabul edýändiklerini nygtap, Germaniýa bazaryna oňyn garaýandyklaryny beýan etdi.

Suwklandyrylan gaza baý bolan Katar soňky 30 ýylda “Wolkswagen”, “Doýçe Bank”, “Siemens”, “Hoçtief” we “Solar World” ýaly nemes firmalaryna 20 milliard ýewrodan gowrak maýa goýdy.


Etiketkalar: maýa goýmak , Germaniýa , Katar

Degişli Habarlar