Gazna we Maliýe ministri Albaýrak Londonda maýadarlar bilen duşuşdy

Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak Britaniýa guran iş saparynyň çäginde paýtagt Londonda maýadarlar bilen duşuşdy

Gazna we Maliýe ministri Albaýrak Londonda maýadarlar bilen duşuşdy

Berat Albaýrak 15 trillion dollarlyk maýasy bolan dünýäniň iň uly finans guramalaryndan 11 firmanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen aýry aýry duşuşdy.

Albaýrak duşuşykda Türkiýäniň 15 ýyllyk ykdysady ösüşi we täze döwürde durmuşa geçirjek taslamalar barada maglumat berdi.

Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak saparynyň çäginde düýn hem Britaniýanyň Maliýe ministri Philip Hammond we Döwlet ministri Sir Alan Dunjan bilen özara duşuşyk geçiripdi.

 

 

 



Degişli Habarlar