Berat Albaýrak Reýter habarlar agentligine beýanat berdi

Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak Türkiýäniň Merkezi bankynyň ençeme ýurdyň merkezi banklaryna garanyňda garaşsyzydygyny nygtady

Berat Albaýrak Reýter habarlar agentligine beýanat berdi

Ministr Berat Albaýrak Britaniýanyň Reýter habarlar agentligine beýanat berdi.

Daşary ýurt walýutasy bilen karz almaga çäklendirme girizilmeginiň, kurslardaky durnuksyzlygy azaltjakdygyny aýdan Albaýrak, onuň inflýasiýany kadalaşdyrjakdygyny we ykdysadyýetde has durnukly ösüşi üpjün etjekdigini habar berdi.

Inflýasiýa garşy göreş üçin guramadyr-edaralaryň elindäki ähli serişdeler bilen gerek bolan çäreleri görýändigini aýdan Albaýrak açyk bolmadyk maýa gözegçiliginiň bolsa bolmajakdygyny mälim etdi.

Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak Türkiýäniň Merkezi bankynyň ençeme ýurdyň merkezi banklaryna garanyňda garaşsyzydygyny nygtady.

Türkiýäniň Halkara Pul gaznasyna ýüz tutmak ýaly meýilnamasynyň bolmandygyny, ýurda maýa çekmäge gönügendiklerini aýdan Gazna we Maliýe ministri, ABŞ bilen harby hyzmatdaşlygyň bolsa dowam edýändigini ýatladyp: “ABŞ bilen strategik hyzmatdaşlygymyz dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar