TürkAkym taslamasynyň 80 göterimi tamamlandy

Rus tebigy gazyny Gara deňiziň aşağyndan Türkiýä, ol ýerden hem Ýewropa akdyrjak Türk akym turba gaçirijisi taslamasynyň 80 göterimi tamamlandy

TürkAkym taslamasynyň 80 göterimi tamamlandy

Taslamanyň 2019-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berilmegine garaşylýar.

Bu baradaky beýanat Russiýanyň açyk paýdarlar jemgyýeti “Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller tarapyndan berildi.

Miller häzirki wagta çenli 1500 kilometr uzynlygynda turga geçirijisiniň çekilendigini, taslamanyň 80 göteriminiň tamamlanandygyny aýtdy.

Türk Akym taslamasy 930 kilometr uzynlygyndaky iki uğurdan ybarat.

Taslamanyň jemi tebigy gaz göterme ukyby bolsa 31,5 milliard m3.

Taslamanyň tamamlanmagy bilen bir uğurdan Türkiýä gaz akdyrylar, beýleki uğurdan bolsa rus tebigy gazy Ýewropa ýetiriler.  

 



Degişli Habarlar