“Dollar global ulgamda ygtybarlylygyny ýitirendigini ýene-de bir gezek görkezdi”

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak dollaryň global ulgamda ygtybarlylygyny ýitirendigini ýene-de bir gezek görkezendigini nygtady

“Dollar global ulgamda ygtybarlylygyny ýitirendigini ýene-de bir gezek görkezdi”

Berat Albaýrak Fransiýa saparyndan soň uçarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi.

Albaýrak söwda merkezleri we gozgalmaýan emläklerde daşary ýurt walýutasy bilen kärendä almak we satyş işleriniň öňüne geçmek üçin işe girişendiklerini, taslamanyň iň gysga wagtda mejlisiň garamagyna hödürlenjekdigini habar berdi.

Türkiýä garşy köpçülikleýin bir hüjümiň bardygyny aýdan Albaýrak, etapdan sapak alandyklaryny, güýçli bir gurluşa gowuşmak üçin muny bir pursat hökmünde görýändiklerini mälim etdi.

Berat Albaýrak türk ykdysadyýetiniň berkdigini belläp: “Ähli strukturalaýyn reformalary, gysga-orta we uzak möhletleýin stretagiýalary, kanun çykaryjy özgertmeleri durmuşa geçireris” diýip beýan etdi.

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak dollaryň global ulgamda ygtybarlylygyny ýitirendigini ýene-de bir gezek görkezendigini nygtady.

Käbir ýurtlar bilen maýa goýum babatynda ylalaşyk gazanandyklaryny aýdan Albaýrak: “Türkiýe otlusyna ýetişmedik zyýan çeker” diýdi.



Degişli Habarlar