Britaniýa we Fransiýa, Eýrana uçar saparlaryny bes eder

Britaniýanyň British Airways howa ýollary kärhanasy we Fransiýanyň Air France howa ýollary kärhanasy, Eýrana uçar gatnawlaryny bes etmek barada karar kabul etdi

Britaniýa we Fransiýa, Eýrana uçar saparlaryny bes eder

British Airways howa ýollary kärhanasy Britaniýanyň paýtagty Londondan Eýranyň paýtagty Tährana guralýan uçar gatnawlarynyň öňümizdäki aýdan başlap bes ediljekdigini habar berdi.

Kärhana London-Tähran awiamarşrutynyň söwda taýdan bähbitli däldigini öňe sürdi.

Fransiýanyň Air France howa ýollary kärhanasy hem, Eýrana guralýan uçar saparlaryny bes edýär.

Air France kärhanasyndan berilen beýanatda Eýrana öňümizdäki aýdan başlap uçuşlaryň bes ediljekdigi mälim edildi.

Eýrana guralan uçar saparlarynyň goý bolsun edilmek baradaky kararlaryň ABŞ-niň bu ýurda garşy embargo girizmeginden soň kabul edilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar