Gazna we maliýe ministri Albaýrak fransuz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Iki kärdeş ABŞ-nyň sanksiýalaryna garşy birlikde utgaşykly ýagdaýda hereket etmek babatynda karar aldy

Gazna we maliýe ministri Albaýrak fransuz kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak Fransiýanyň Ykdysadyýet we Maliýe ministri Bruno Le Maire bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Gazna we maliýe ministrliginden berlen beýanata görä, Albaýrak bilen Le Maire telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde ABŞ-nyň Türkiýä goýan sanksiýalary barada pikir alyşdy.

Iki kärdeş ABŞ-nyň sanksiýalaryna garşy birlikde utgaşykly ýagdaýda hereket etmek babatynda karar aldy.

Beýanatda iki kärdeşiň özara gatnaşyklaryň ösdürülmegi meselesinde ylalaşyk gazanandygy nygtaldy.

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň we kärdeşi Le Maireniň Türkiýä berýän goldawlaryndan hoşaldygyny aýtdy we minnetdarlyk bildirdi.

Albaýrak bilen Le Maireniň iki ýurduň wekilleriniň gyssagly işe girişilmegi üçin 27-nji awgustda Parižde duşuşmaklary meselesinde ylalaşyk gazanandygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar