Bazarlaryň birnäçe günden bäri garaşýan duşuşygy geçirildi

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak 6100 sany halkara maýadar bilen wideo şekilli maslahat geçirdi

Bazarlaryň birnäçe günden bäri garaşýan duşuşygy geçirildi

Albaýrak Türkiýä yglan edilen ykdysady söweşiň ýüze çykaran netijelerini analiz etdi.

Ministr “Çölgünligiň bolmandygyny” beýan eden çykyşynda, “Banklardan soňky günlerde uly mukdarda serişde çykmady” diýdi.

Albaýrak; “Türkiýede erkin bazar şertlerinden el çekiljek çökgünlik ýok” diýdi.

“Maýadarlar bilen aç-açan we içgin gatnaşyklaryň dowam etmegini isleýäris” diýen Albaýrak HPG bilen hiç hili şertnama gol çekişilmejekdigini aýtdy.

“Biz gönüden maýa goýumlary çekmäge gönükdik” diýdi.

Albaýrak “durnuksyzlyk bizi güýçlendirer, türk bank ulgamy berk we güýçli” diýdi.

Banklara goldaw bermekde ikirjiňlik etmejekdiklerini beýan eden Berat Albaýrak, ykdysadyýetde ileri tutýan ugurlary barada durup geçdi.

“inflýasiýany aşaklatmak esasy işimiz bolar” diýdi.

Albaýrak “maliýe düzgün-nyzamyndan egilşik etmeris” diýdi.

Hökümetiň uly tygşytlylyk çärelerini amala aşyrjakdygyny nygtady.

Ýylyň ahyrynda prosetnden daşarky artykmaçlygyň 6 milliard lira barabar boljakdygyny beýan etdi.

Berat Albaýrak maýadarlar bilen ýygy-ýygydan duşuşjakdyklaryny aýtdy.

 



Degişli Habarlar