Eýran nebitiň bahalaryny aşaklatdy

Eýran nebit bazaryndaky islegler we nebit eksport edýän ýurtlaryň nebitiň bahasyny aşakladandygy sebäpli özleriniň hem nebitiň bahasyny aşakladandyklaryny mälim etdi

Eýran nebitiň bahalaryny aşaklatdy

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugyna beýanat beren Eýranyň Nebit ministrliginiň ýolbaşçysy, ýurdunuň nebitiň bahasyny aşakladandygyny habar berdi.

Eýran nebit bazaryndaky islegler we nebit eksport edýän ýurtlaryň nebitiň bahasyny aşakladandygy sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigini aýdan eýranly ýolbaşçy,  nebitiň bahasynyň näçe aşakladylandygy barada bolsa maglumat bermedi.

Käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa Eýranyň awgust aýyndan başlap nebitiň bahasyny 60-80 sent aşaklatjakdygyny öňe sürüpdi.

Eýran günde ortaça 2 million 200 müň barrel çig nebit öndürýär we şol nebitiň ýarysyny Hytaýa we Hindistana, 25 göterimini Ýewropa ýurtlaryna, bir bölegini bolsa Günorta Koreýa we Ýaponiýa eksport edýär.

ABŞ-nyň 5-nji noýabrdan başlap goýjak Eýranyň nebitini nyşana alýan sanksiýalary sebäpli Günorta Koreýa bilen Ýaponiýa Eýrandan nebit importyny saklapdy.

 


Etiketkalar: baha , nebit , Eýran

Degişli Habarlar